Halkara žurnalyň täze sany Magtymguly Pyraga bagyşlandy

Merkezi Aziýa we Ýewropa ýurtlarynyň 8-sinde çap edilýän “Open Central Asia Magazine” halkara žurnalynyň täze sany türkmen nusgawy edebiýatynyň görnükli wekili Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlandy.

Žurnalyň ilkinji sahypasy “Magtymguly Pyragy bilim esaslaryny goýujydyr” atly makala bilen açylýar. Makalada beýik şahryryň öňde boljak 300 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek çärelere görülýän taýýarlyk işleri barada gürrüň berilýär. Mundan daşary, okyjylar türkmen şahyrynyň döredijiliginiň esasy ugurlary bilen tanşyp bilerler.

Ýeri gelende belläp geçsek, “Open Central Asia Magazine” halkara žurnaly ozalky sowet ýurtlary giňişliginde iňlis dilinde çap edilýän iň ýörgünli neşirleriň biridir. Ol Beýik Britaniýanyň “Hertfordshire Press” neşirýaty tarapyndan çap edilip Merkezi Aziýa we Ýewropa ýurtlaryna ýaýradylýar.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok