Dj Begga Seulda «Arkadagly ak şäher» aýdymy bilen çykyş etdi

Türkmen estradasynyň meşhur aýdymçylarynyň biri bolan Begmyrat Annamyradow 29-njy oktýabrda, Koreýa Respublikasynyň paýtagty Seul şäherinde geçirilen «ABU TV Song Festival» aýdym-saz bäsleşik telefestiwalynda Türkmenistana wekilçilik etdi.

Türkmenistanda Dj Begga ady bilen tanalýan Begmyrat Annamyradow «KBS Hall» sahnasynda «Arkadagly ak şäher» aýdymy bilen çykyş etdi. meşhur aýdymçyny goldamak üçin Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçihanasynyň wekilleri we koreý uniwersitetlerinde okaýan türkmen talyplary konserte geldiler.

Aýratyn bellemeli zatlaryň biri bolsa, hut şol gün Begmyradyň doglan güni boldy. Festiwalyň ahyrynda ähli gatnaşyjylar bilen bir hatarda türkmen aýdymçysyna hem dabaraly ýagdaýda ýörite sylag gowşuryldy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok