Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetiň kämilleşdirilmeginiň hem-de sanlylaşdyrylmagynyň netijesinde önümçiligiň we durmuşyň dürli ugurlaryna “akylly” tehnologiýalaryň we innowasiýalaryň ornaşdyrylyşy barha ýokary depgine eýe bolýar. Munuň özi önümçiligiň ýokarlanmagyna, işewürlik gatnaşyklaryň kämilleşmegine hem-de netijede bolsa görkezijileriň ýokarlanmagyna, ýurdumyzyň dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň hataryna goşulmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş şertleriniň ýokarlanmagyna oňaýly täsir edýär. Bu ugurda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyndan» gelip çykýan wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Mälim bolşy ýaly, dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň ylmy-tehniki ösüşiniň gazananlaryny, şol sanda maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny ykdysadyýete ornaşdyrmagyň hasabyna kämil ösüş gazanmak döwrebap ugur hökmünde kesgitlenen. Bu ugur häzirki zaman ylmynyň maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalar arkaly kämilleşdirilmegine, ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň hiliniň ýokarlanmagyna, gündelik durmuşa innowasiýalary ornaşdyrmaga uly ýardam berýär. Munuň aýdyň mysaly hökmünde dünýä tejribesinde giňden ulanylýan QR-kod arkaly hyzmatlary ornaşdyrmak, köpugurly «Bir penjire» ulgamyny ösdürmek, uzak aralykdan okatmak, onlaýn söwda, elektron tölegler, internet mahabatlary we sergiler ýaly täzeçe ugurlary aýtmak bolar. Häzirki döwrüň zerur talaby bolan täze tehnikalara we tehnologiýalara isleg barha artýar, netijede sanly ykdysadyýet ösüşiň esasy hereketlendiriji güýji hökmünde orta çykýar. Sanly ulgamy ornaşdyrmagyň çäklerinde amala aşyrylýan giň gerimli işler netijesinde ykdysadyýetde täze pudaklar, täze dolandyryş usullary hem peýda bolýar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda uzak geljegi nazarlaýan asylly işler sanly ykdysadyýeti üstünlikli ösdürmäge ýol açýar. Sanly tehnologiýalara daýanýan ykdysadyýet şol bir wagtyň özünde, innowasion tehnologiýalardan ussatlyk bilen baş çykarýan ýaş hünärmenleri hem talap edýär. Şol nukdaýnazardan hem, bilim edaralarynyň maddy-tehniki binýadynyň berkidilmegi, ylmyň gazananlarynyň jemgyýetçilik durmuşyna, önümçilige we hyzmatlar ulgamyna işjeň ornaşdyrylmagy, ýaşlara berilýän bilimiň hiliniň gowulandyrylmagy möhüm ähmiýete eýedir.
Milli ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna sanly ulgamy, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, sanly hyzmatlaryň görnüşlerini giňeltmek hem hilini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly maksatnamalaýyn işleri durmuşa geçirmekde uly tagallalar edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, mertebesi belent bolsun!
Gurban ARSLANOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň III ýyl talyby.
Teswirler