Kämil ýaşlaryň täze neslini kemala getirmek alnyp barylýan işleriň özenini düzýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Türkmenistan Diýarymyz aýdyň maksatlara tarap ynamly öňe barýar. Başy başlanan beýik işleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde eziz halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi barha ýokarlanýar, ata Watanymyzyň kämil ösüşleri giň gerimli maksatnamalaryň we iri taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň nusgasydyr. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ata ýurduň geljegi bolan ýaşlar bilen bagly wezipelerde halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça abraýly halkara guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Sanlylaşdyrylan döwrebap bilim edaralarynda ýaş nesliň kämil bilim almagyny, döredijilikli zähmet çekmegini esaslandyrýan mümkinçilikleri ýola goýmak bellenilmeli aýratynlykdyr. Ýaş nesilleriň şöhratly türkmen topragymyza, ata Watana, il-güne bolan beýik söýgüsini artdyryp, olary ynsanperwerlige, dost-doganlyk, zähmetsöýerlik ýörelgelerine ygrarly bolmaklaryny gazanmak möhüm wezipedir. Ýurdumyzda häzirki wagtda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan bilim ulgamy döwletimiziň jemgyýetçilik ösüşiniň kuwwatly güýji hökmünde esasy orny eýeleýär, täze tehnologiýalara, täzeçil pikirlere, tejribä, innowasiýalara daýanyp, ýurdumyzda ylym-bilimi ösdürmek ýaşlaryň kämil hünärli bolup ýetişmeklerine itergi berýär. Giň dünýägaraýyşly, ylymly-bilimli, sagdyn hem ruhubelent nesli terbiýelemek, bilim işini döwrebaplaşdyryp, türkmen ýaşlarynyň gazanýan üstünliklerini artdyrmak Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-parasadyndan kemal tapan ugurdyr. “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde ýaşlaryň telekeçilik başlangyçlaryny ösdürmegiň usullarynyň işlenip taýýarlanylmagy-da bellärliklidir. Ýaş nesilleriň döredijilik mümkinçiliklerini giňden açmaga, olaryň ökde hünärmenler bolup ýetişmeklerine şert döredilmegi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň möhüm başlangyçlarynyň hatarynda kesgitlenendir. Döwrüň talaby hem aýrylmaz bölegi bolan ösen tehnologiýalardan ezberlik bilen baş çykarýan ýaş hünärmenleriň täze neslini kemala getirmek alnyp barylýan işleriň esasy özenini düzýär. Şeýle-de ýaş nesilleriň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden wagyz etmek, nesillerde medeni gymmatlyklarymyza, däp-dessurlarymyza bolan sarpany artdyrmak, zähmetsöýerligi terbiýelemek ýaly wezipelere uly orun berilýär.

Firuza DOSÇANOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň II ýyl talyby.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok