“Ýigit” HJ pomidorlaryna Gazagystanyň bölek satuw zynjyry gyzyklanma bildirdi

Gazagystanyň “Astana” diplomatik kluby, Türkmenistandaky ýeketäk G.A.P şahadatnamasyny alan “Ýigit” HJ üçin Gazagystanyň esasy söwda we bölek satuw zynjyrlaryndan biri bolan Magnum Cash & Carry kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşmak üçin Almaty şäherine sapar gurady.

Netijede gepleşikler üstünlikli geçirilip, “Magnum” dükanlar zynjyrynyň wekilleri “Ýigit” hojalyk jemgyýetiniň önümlerine ýokary baha berip, hyzmatdaşlyga isleg bildirdiler. “Ýigit” hojalyk jemgyýetiniň ýokary hilli desgalary, GDA-nyň teplisa pudagynda innowasion üstünlik hökmünde ykrar edildi.

Belläp geçsek, häzirki wagtda “Ýigit” hojalyk jemgyýeti 70 gektar meýdanda ýyladyşhana toplumyny dolandyrýar. Ýyladyşhana toplumynda pomidorlaryň durnukly hem-de lezzetli sortlary ýetişdirilýär. Önümleriň 90 göterimini Gazagystan, Gyrgyz Respublikasy, Russiýa, Belarus, BAE, Täjigistan we Owganystan ýaly ýurtlara eksport edilýär.

Aýratyn hem, hojalyk jemgyýetiniň bu bazarlara çykmaklyk üçin ýurdumyzda ilkinji bolup “Global G.A.P” şahadatnamasyna eýe bolandygyny-da belläp geçmek zerurdyr.

Şeýle hem “Astana” diplomatik klubynyň wezipelerinden biri Gazagystan bilen daşary ýurtly telekeçileriň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmekdir.

Gazagystandaky Türkmenistanyň ilçihanasynyň kömegi bilen Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler birleşmesi we “Astana” diplomatik klubynyň arasynda geçirilen gepleşikleriň çäginde gazanylan şertnamalaryň netijesinde Türkmen daýhanlarynyň Gazagystana sapary boldy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok