Türkiýäniň 100 ýyly!

Şu gün, ýagny 29-njy oktýabrda Türkiýe Respublikasy özüniň milli baýramy – Garaşsyzlyk gününi belleýär. Şu ýyl Türkiýäniň Garaşsyzlygynyň 100 ýyllygy uludan toýlanýar.

Belläp geçsek, Türkiýe Respublikasy 1923-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda özüniň garaşsyzlygyny jar etdi. Şol ýyl Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň 158 deputatynyň ses bermeginde ýurduň garaşsyzlygy yglan edildi.

Türkiýe Respublikasynyň esaslandyryjysy Mustafa Kemal Atatürküň ýurduň garaşsyzlygyny almakda bitiren işleri örän ulydyr. Mustafa Kemal Atatürk 1881-nji ýylyň
19-njy maýynda dünýä indi. Ol 1923-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda respublikanyň yglan edilmeginden soň prezident saýlandy. 1938-nji ýylda aradan çykýança dört möhlet işledi we Türkiýäniň iň uzak wagtlap prezident wezipesinde işlän ýolbaşçysy boldy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok