Möhüm ekologiýa çäresine badalga berildi

Ýylyň ähli paslynda gök öwsüp oturan arçaly dereleri bilen kalbyňa aram, köňlüňe ylham berýän türkmen tebigaty biziň umumy öýümizdir, sagdyn we bagtyýar durmuşymyzyň sakasydyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda gözel tebigatymyzy goramaga, onuň baýlyklaryndan aýawly peýdalanmaga, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmäge uly üns berilýär.

4-nji noýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda hormatly Prezidentimiz Türkmenistanda nobatdaky «ýaşyl» ekologiýa çäresine — güýzki bag ekiş möwsümine badalga berdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz geçiriljek bu çäräniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňky ýyllarda paýtagtymyz Aşgabatda we welaýatlarymyzda şäherleriňdir obalaryň gözelligine görk goşýan, howanyň düzümini kislorod bilen baýlaşdyrýan, ynsan saglygyny berkidýän agaçlar köpçülikleýin ekilýär. «Ýaşyl süzgüç» bolup hyzmat edýän baglaryň senagat desgalarynyň howa goýberýän tozan, çaň, tüsse, gurum, zyýanly gazlar ýaly dürli görnüşli galyndylaryny özünde saklap galýandyklary we zyýansyzlandyrýandyklary mälimdir.

Mähri BAÝRAMOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok