«Kyrkgyz» jülgesi

Köýtendagyň Hojapil obasynyň golaýynda baglara bürenen «Kyrkgyz» jülgesi we adybir gowak bar. Bu täsin jülgäniň tebigy «bassyrmasynyň» aşagyna birbada 3 müňe golaý adam ýerleşip bilýär. «Kyrkgyz» gowagy gadymy döwürlerden bäri keramatly hasaplanýar. Ýylyň dowamynda bu ýere gelýän zyýaratçylardyr syýahatçylaryň yzy üzülmeýär. Jülgäniň diwarlarynyň beýikligi 200 metre, ini 15-den 300 metre çenli baryp ýetýär. Onuň gutarýan ýerinde ýerden çeşme çykýar. Onuň suwy dertlere derman hasaplanýar.

«Kyrkgyz» jülgesi müňlerçe reňkli uzyn dilkawlar bilen bezelen görnüşde syýahatçylaryň öňünde örboýuna galýar. Ýerli ýaşaýjylaryň aýtmagyna görä, bu keramatly ýere gelen adam öz ýürek arzuwynyň hasyl bolmagyny dileg edýär. Olar öz ýanynda getiren mata bölejigini toýunly palçyga batyryp, ony daşdan üstüňe abanýan gümmeze atýarlar. Eger ol dag gümmezine ýapyşsa, ýürek isleginiň hökman hasyl boljakdygyna ynanylýar.

Rowaýata görä, gadymy wagtlar jülgäniň ýanynda oba ýerleşip, onda halal, zähmetsöýer adamlar ýaşapdyr. Emma günlerde bir gün obanyň üstüne duşmanlar çozup, öýlere talaň salypdyrlar, ýaşaýjylara ýowuz darap, gyz-gelinleri gyrnak alypdyrlar. Kyrk sany gyz olardan gaçyp, jülgede gizlenipdir, ýöne olaryň gaçybatalgasy paş edilipdir. Duşmanlar olara golaýlaşanda, gyzlar nalaçlykdan Biribardan hemaýat sorapdyrlar. Ol hem gyzlary arşyň perilerine öwrüpdir. Bu gowaga gelýän adamlar şol kyrk gyzyň — kyrk perişdäniň öz umyt-arzuwlaryny eşidýändigine ynanýarlar.

Arzuw ÝAZYÝEWA,

Aşgabat şäheriniň 3-nji orta mekdebiniň
taryh mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok