«Meşhur şahslar öz halkyny beýiklige göterýär» diýen jümläniň mazmuny bilen her bir adam ylalaşýandyr. Akylyňy haýran edýän ajaýyp saz eserlerini ynsanyýete bagyş eden türkmeniň meşhur saz ussady Nury Halmämmedow hem dünýä belli kompozitorlaryň hatarynda ady tutulyp, ýaşamagyny dowam edýär. Onuň döreden eserleri bu gün türkmen aýdym-saz sungatyny söýüjileriň ýüreklerine siňip, beýikligini dünýä äşgär edýär. Halkymyzyň meşhur ogullarynyň biri, kompozitor Nury Halmämmedowyň özi aramyzda gezip ýörenliginde şu ýyl 85 ýaşardy.
Kompozitor çagalykda ene-atadan jyda düşüp, çagalar öýünde terbiýelenýär. Nury Halmämmedowyň saz sungatyna bolan höwesi, aýratyn ýiti zehini birnäçe sazlaryň döremegine getirýär. Ol bilimini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, ozalky Aşgabat sazçylyk uçilişesine okuwa girýär. Şol ýerde okaýarka birnäçe ajaýyp saz eserlerini döredýär. Ýaş talybyň şeýle ussatlyk bilen ýerine ýetirýän sazlaryna, döredýän eserlerine ýokary baha beren uçilişäniň mugallymlary Nury Halmämmedowy ýokary bilim almak üçin Çaýkowskiý adyndaky Moskwa döwlet konserwatoriýasyna okuwa ýollaýarlar. Ol bu ýerde okan döwürleri 30-a golaý saz eserini döredýär. Talypka oňa «Şükür bagşy» filminiň sazyny döretmegi ynanýarlar. Filmiň şowly çykmagynda ýaş zehiniň eseriniň mynasyp paýy bardyr.
Ýaş sazandanyň diplom işi hökmünde ýazan «Türkmenistan» atly simfoniki eseri Bütinsoýuz Telewideniýe we radiosynyň Uly simfoniki orkestriniň ýerine ýetirmeginde ýaňlanýar. Görnükli türkmen sazandasy Mylly Täçmyradowa bagyşlan «Dutaryň owazy» atly meşhur fortepiano pýesasy onuň talyp döwürlerinde döreden saz eserlerinden iň şowly çykanlarynyň biri hasaplanýar. Nury Halmämmedowyň eserleriniň arasynda «Aýgytly ädim», «Keçpelek» kinofilmlerine ýazan sazlary aýratyn orny eýeleýär.
Gülnar ÝAGŞYGELDIÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler