Koreýanyň daşary işler ministri Türkmenistana ilkinji gezek sapar bilen geler!

Diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan wagtyndan, ýagny 1992-nji ýyldan bäri ilkinji gezek Koreýa Respublikasynyň daşary işler ministri Türkmenistana sapar bilen geler. Ýurduň daşary işler ministri Pak Çžin 16-njy “Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk forumyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen Aşgabada geler.

1-nj noýabrda geçiriljek foruma Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň 200-e golaý wekili gatnaşar. Onda ykdysadyýetiň, durmuş ulgamynyň dürli ugurlary, şol sanda saglygy goraýyş, ulag, howanyň üýtgemegi, maglumat tehnologiýalary, bilim we beýleki ugurlarda durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek meseleleri maslahatlaşylar.

Koreýa Respublikasynyň Türkmenistana saparynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşar. Şeýle hem Aşgabatda bäş Merkezi Aziýa döwletiniň we Koreýa Respublikasynyň daşary işler ministrleriniň özara duşuşyklary geçiriler.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok