Garynjalar barada täsinlikler

  • – Garynjalar takmynan 110-130 million ýyl ozal arylara meňzeş jandarlardan emele gelipdir. Olar dinozawrlar bilen bilelikde ýaşapdyrlar. Ýöne bu ägirtlerden tapawutlylykda ýok bolup gitmändirler.
  • – Garynja  koloniýalarynda onlarça million garynjalar bolup biler. Günbatar Afrikada ýerleşýän sawannada 1m2  toprakda 740 müň höwürtge ýerleşip, hersinde 2 mlrda golaý garynjalar ýaşaýar.
  • – Ýer şarynda garynjalaryň 12000 dürli görnüşi bar. Iň kiçi garynjalaryň uzynlygy 0,07 santimetr, ulularynyň uzynlygy bolsa 5 sm-e çenli ýetýär.
  • – Köp adamlar termitleri garynja hasaplaýarlar, aslynda termitleriň iň ýakyn garyndaşy tarakanlardyr.
  • – Ownuk garynjalar oňurgasyz  jandarlaryň massasyndan ýokary bolup, ýer ýüzündäki haýwanlaryň umumy biomassasynyň 15-20% emele getirýär.
  • – Işçi garynjalar 3 ýyla çenli ýaşaýarlar, şa garynja 30 ýyla çenli höküm sürüp biler.
  • – Dünýädäki iň uly garynjalaryň superkoloniýasynyň ululygy 5 km-den geçýär.
  • – Ukus garynjalarynyň Paraponera çlaýata görnüşiniň çakmagy bilen güýçli agry ýüze çykýar we bu bir günläp dowam edýär. Olara ,,ok garynjalary’’ diýilýär. Sebäbi olar birzada hüjüm edenlerinde ok ýaly çaltlykda hüjüm edýärler.
  • – Alymlaryň hasaplamalaryna görä, garynjalar özlerinden 5000 esse agyr zatlary göterip bilýärler. Olar sekuntda 7,62 santimetr tizlikde ýol geçip bilýärler.
  • – Garynjalar has akylly jandarlardyr. Olaryň beýnisi 250 müň öýjükden durýar.
  • – Garynjalarda ýörite eşidiş organy ýok olar aýaklary we dyzlary arkaly eşidişi amala aşyrýarlar.
  • – Garynjalaryň her koloniýasynyň aýratyn ysy bar.
  • – Garynjalar suwdan geçmek üçin öz bedenlerinden janly köpri emele getirip bilýärler.
  • – Garynjalar zerurlyklaryny kanagatlandyrmak üçin janly organizmleri ösdürip ýetişdirmäge ukyplydyrlar, meselem kömekleri.
  • – Mör-möjekleriň esasy käri gyşa iýmit ýygnamak bolup durýar. Olar gijesine ýygnan däneleri  toplaýarlar, gündizlerine bolsa  guratmak üçin daşaryk çykarýarlar. Garynjalar bu amal üçin gurak howany saýlaýarlar.

Aýgül ALTYÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň
Agroekologiýa hünäriniň
4-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok