“Türkmengaz” döwlet konserni dünýäde iň iri ýataklaryň biri bolan “Galkynyş” gaz känini özleşdirmegiň ikinji we üçünji tapgyrlaryny durmuşa geçirmek üçin halkara maýadarlar bilen gepleşikleri geçirýär. Bu barada konserniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew “Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2023” halkara maslahatynyň çarşenbe güni geçirilen umumy mejlisinde mälim etdi.
Türkmen-Hytaý gaz geçirjisi türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazaryna çykarmagyň esasy ugurlarynyň biridir. Häzirki wagtda türkmen – Hytaý gaz geçirijisiniň A,B,C şahalarynyň gaz geçirjilik kuwwaty 40 milliard kub metrden ybarat bolup, ozal baglaşylan ylalaşyga laýyklykda, bu gaz geçirijisiniň 4-nji şahasynyň gurulmagy bilen ýyllyk iberilýän tebigy gazyň möçberi 65 milliard kub metre ýetiriler.
Gaz geçirijiniň 4-nji şahasy Türkmenistanyň çäginden gözbaş alyp, Özbegistanyň, Täjgistanyň we Gyrgyzystanyň üsti bilen Hytaýa uzar. Bu şahanyň üsti arkaly meýilnama laýyklykda Hytaýa 25 milliard kub metr möçberde tebigy gaz ibermek maksady bilen “Galkynyş’ gaz käniniň ikinji tapgyryny özleşdirmek göz öňünde tutulýar. Ikinji tapgyry özleşdirmek boýunça baglaşyljak ylalaşyk tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar.
Ýeri gelende belläp geçsek, oktýabr aýynyň başynda “Türkmengaz” döwlet konserni we Yragyň elektroenergetika ministrligi tebigy gazy ibermek hakynda Ähtnama gol çekdiler. Oňa laýyklykda, Eýranyň üsti bilen swop şertnamasy esasynda Yraga ýylda 10 milliard kub metre golaý türkmen tebigy gazynyň iberilmegi göz öňünde tutulýar.
Teswirler