Gazagystan respublikasynyň paýtagty Astana şäherinde 3-nji noýabrda Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) X ýubileý sammiti geçiriler. Bu barada Gazagystanyň daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy penşenbe güni habar berdi.
Sammite Türki Döwletleriň Guramasyna agza ýurtlaryň – Azerbaýjan, Gyrgyz respublikasy, Türkiýe we Özbegistan, şeýle-de synçy ýurtlary – Tükmenistan we Wengriýa döwletleriniň ýolbaşçylary gatnaşarlar.
Çäräniň esasy maksady türk dilli ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak, umumy taryhy we medeni mirasa we umumy dile esaslanýan sebitdäki parahatçylyga hem-de durnuklylyga goşant goşmakdan ybaratdyr.
Ýeri gelende belläp geçsek, Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň paýtagty Ankarada geçirilen Türki Döwletleriň Guramasynyň adatdan daşary sammitiniň dowamynda Türkmenistanyň ýakyn wagtda TDG-nyň doly hukukly agzasy boljakdygyna umyt bildirdi.
Merdan AKMYRADOW,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler