Türkmen-türk işewürlik forumynyň oňyn netijeleri

Şöhratly taryhy müňýyllyklara uzap gidýän türkmen-türk halklarynyň ozaldan gelýän ikitaraplaýyn dost-doganlyk gatnaşyklary deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, ynanyşmak ýaly asylly ýörelgelerine esaslanýar. Ýokary Hökümet derejesinde yzygiderli guralýan özara saparlar döwletara hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça pugtalandyrmaga we anyk netijeleri gazanmaga ýardam berýär. 26-njy oktýabrda Ankarada geçirilen ýokary derejedäki ikitaraplaýyn duşuşyk hem iki doganlyk halkyň netijeli özara gatnaşyklarynyň ýyl ýazgysyna täze sahypany ýazdy. Şol gün Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň Merkezi edara binasynda Türkmen-türk işewürlik forumynyň açylyş dabarasy geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasyna resmi saparynyň çäklerinde  Ankarada geçirilýän bu işewürlik maslahatyna gatnaşyp, taryhy çykyş etdi. Duşuşygyň dowamynda netijeli we önjeýli gepleşikler alnyp barylyp, iki doganlyk ýurduň arasyndaky hereketlere hil taýdan täze itergi berjek pikirlerdir teklipler beýan edildi.

Türkmenistan döwletimiz tarapyndan Türkiýä Bilelikdäki maýa goýum fonduny we Maýa goýumlary boýunça Bilelikdäki iş toparyny döretmegiň teklip edilmegi bellenmäge mynasypdyr. Häzirki wagtda ýurdumyzda daşary ýurtlar bilen maýa goýumlary babatda hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berilýär. Onuň özeninde bolsa ýurdumyzda durmuşa geçirilýän iri energetika we infrastruktura taslamalaryna daşary ýurt maýalaryny çekmek ýaly möhüm maksatlar jemlenendir.     

Döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmak hormatly Prezidentimiziň sebitde we dünýäde durnuklylygyň, ösüşiň üpjün edilmegine ýardam berýän daşary syýasatynyň esasy ugrudyr.   

Güljeren ATAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň
II ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok