Türkmen-türk hyzmatdaşlygynda oba hojalygyna we suw serişdelerini rejeli ulanmaklyga uly orun berilýär

Mälim bolşy ýaly, 26-njy oktýabrda Hormatly Prezidentimiz Türkiýe Respublikasyna resmi saparynyň çäklerinde Ankara şäherinde geçirilen Türkmen-türk işewürlik maslahatyna gatnaşdy. Bu forumyň açylyş dabarasynda Arkadagly Gahryman Serdarymyz öz eden çykyşynda ýurdumyzyň Türkiýe bilen oba hojalygynda we suw serişdelerini rejeli ulanmakda özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmeklige hemişe taýýardygyny belläp geçdi. “Häzirki döwürde oba hojalygy pudagy ykdysadyýetiň möhüm ugurlarynyň hatarynda orun alýar. Biziň esasy wezipämiz ýurtlarymyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmekden we bu ugurda halkara tagallalaryna goşant goşmakdan ybarat bolup durýar. Şunuň bilen birlikde, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, tohumçylyk we seleksiýa ulgamyny ösdürmek we täze iş tilsimatlary önümçilige ornaşdyrmak babatda Türkiýe bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegi we tejribe alyşmagy teklip edýäris. Bu ugurlarda ýöriteleşen türk kompaniýalary bilen özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmaga taýýardygymyzy beýan edýäris” diýip, Hormatly Prezidentimiz nygtady.

Belli bolşy ýaly, Türkmenistan Watanymyzda milli ykdysadyýetimiziň kuwwatly, iri pudagy bolan oba hojalyk ulgamynyň ösdürilmegine uly üns berilýär, pudagyň düzümleýin ugurlaryna köp mukdarda maýa goýulýar we onuň maddy-tehniki binýady yzygiderli kämilleşdirilýär. Daşky gurşawy goramak, ýer serişdelerini rejeli ulanmak, suwy tygşytly peýdalanmak babatda täzeçe usullardan, ösen tejribelerden ugur alynýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda suw serişdelerini rejeli ulanmak we kämil tehnologiýalar daýanyp suwy tygşytlamak boýunça netijeli halkara hyzmatdaşlygy alnyp barylýar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz bu iri forumda eden çykyşynda: “Biz ýurtda suw üpjünçilik we suw paýlama ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmagy meýilleşdirýäris. Bu derwaýys pudakda sebit we halkara hyzmatdaşlygyna hem ähmiýet berýäris. Galyberse-de, anyk taslamalar hökmünde Garagum derýasynyň hanasynyň we ýan kanallarynyň infrastrukturasynyň täzelenmegi we giňeldilmegi ýaly taslamalar barada bellemek bolar. Bu ugurlarda hem degişli türk kompaniýalary bilen ysnyşykly hereketleri alyp barmaga taýýardygymyzy nygtamak isleýäris” diýip belläp geçdi.

Milli ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan ugry bolan oba hojalyk ulgamyny hemmetaraplaýyn, ylmy esasda ösdürmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny barha berkitmek boýunça amal edilýän degişli işler azyk howpsuzlygyny üpjün etmäge, umumadamzat bähbitlerine laýyk gelýän asylly başlangyçlary durmuşa geçirmäge uly itergi berýär.

Firuza DOSÇANOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň II ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok