Türkmen-türk gatnaşyklary barha rowaçlanýar

Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän toplumlaýyn özgertmeler ýurdumyzyň innowasion ösüşine, pudaklaýyn düzümi döwrebaplaşdyrmaga, öňdebaryjy tehnologiýalary ykdysadyýetiň pudaklaryna ornaşdyrmaga gönükdirilen bolup durýar. Ýurdumyzda ýokary netijeli ykdysadyýeti tapgyrlaýyn döretmek, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi ösdürmek, durnukly ösüş depginlerini üpjün etmegiň möhüm şerti hökmünde sanly ulgamy ornaşdyrmak wezipeleri ileri tutulýar. Munuň üçin daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek, özara tejribe, bilimleri alyşmagy ýola goýmak, innowasion bilimleri ösdürmek üçin has oňaýly şertleri üpjün etmek möhüm wezipe bolup çykyş edýär. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň ençeme ýurtlar bilen, hususanda Türkiýe Respublikasy bilen alyp barýan ysnyşykly hyzmatdaşlygy täze many-mazmun bilen baýlaşýar.

Has takygy, 26-njy oktýabrda Hormatly Prezidentimiziň Türkiýe Respublikasyna resmi saparynyň çäklerinde Ankarada geçirilýän Türkmen-türk işewürlik maslahatyna gatnaşmagy hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Onda iki ýurduň işewürleriniň duşuşyklaryny yzygiderli geçirmek, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlarydyr mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Ikitaraplaýyn gatnaşyklara hil taýdan täze itergi berjek bilelikdäki işler köp ýyllara hem özara ynanyşmaklyga daýanýar. Birnäçe ýyl bäri türk kompaniýalary ýurdumyzda ençeme taslamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşyp gelýär. Şunuň ýaly iri taslamalar häzirki wagtda hem ýurdumyzyň dürli senagat pudaklarynda, medeni-durmuş ugurlarynda giňden ýaýbaňlandyrylýar. Olarda kämil innowasiýalara we ýokary tilsimatlara esaslanýan inženerçilik ulgamlary ornaşdyrylýar. Türkmenistan ýurdumyzda durmuşa geçirilýän iri energetika we infrastruktura taslamalaryna bilelikdäki maýa goýumlary çekmek boýunça işler ýola goýuldy. Türkmen-türk ikitaraplaýyn gatnaşyklarynda ylym-bilim, söwda, oba hojalygy, energetika ýaly ugurlar uly orny eýeleýär. Ulag-kommunikasiýa pudagynda hem iki ýurduň ulag ulgamynyň arasynda yzygiderli esasda iş duşuşyklaryň geçirilmegi hyzmatdaşlygy güýçlendirmäge, bu ugurdaky işleri sazlaşykly alyp barmaga doly esas döredýär.

Häzirki döwrüň şertlerinde ylmyň hem tehnikanyň biziň gündelik durmuşymyzdaky eýeleýän ornunyň gün-günden ýokarlanmagy iki ýurduň arasyndaky ylym-bilim hyzmatdaşlygyny täze derejä çykarýar hem-de täzeçe talaplara laýyklykda ösmegine uly itergi berýär we iki ýurduň ylym, tehnika pudagynda ýöriteleşen kompaniýalarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak zerur ugurlaryň hatarynda goýulýar.

Şeýle bagtyýar döwürde parahatçylyga, özara ynanyşmaga, dost-doganlyga esaslanýan daşary syýasaty alyp barmak bilen, dünýä ýurtlary bilen netijeli hyzmatdaşlyklary ýola goýmak babatda uly tagallalar edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!

Döwletgeldi ÖWEZGELDIÝEW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň II ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok