Nury Halmämmedowyň sazyna ylham goşan obasy

Tebigy taýdan ýiti zehini bolan adamlar halkyň taryhynda öçmejek yz galdyrýar. Ölmez-ýitmez saz eserleri bilen ynsanlaryň kalbynda orun alan ussat kompozitorlaryň biri hem Nury Halmämmedowdyr.

1938-nji ýylda Magtymguly etrabynyň Daýna obasynda doglan Nury Halmämmedow türkmen we dünýä saz sungatynda gaýtalanmajak sazlary döretdi. Nury Halmämmedowyň ady agzalanda, çar töweregi daglar bilen gurşalan Daýna obasy göz öňüňde janlanýar. Megerem, şol keremli daglar saz äleminiň ägirdine ylham berendir. Sebäbi daglarda seriňi sämediji gudrat bar, jadyly güýç bar. Dag goýnundaky çeşmeler mylaýymdan pessaý sazlaryň, kert-kert gaýalar dabaraly owazlaryň, gol uzatsaň, gol ýetmeýän, başlary asman direýän arçalar ajaýyp aýdymlaryň döremegine sebäp bolandyr.

Saz äleminiň ägirdiniň atasy Baýly aganyň eken, obada «Baýlynyň armydy» adyny alan armyt agaçlarynyň ýanynda N.Halmämmedowyň heýkeli oturdyldy. Ol 2008-nji ýylda dabaraly ýagdaýda açyldy. Beýik kompozitoryň heýkeldäki keşbini Türkmenistanyň halk suratkeşi Saragt Babaýew ussatlyk bilen ýerine ýetirdi. Beýik dag daşlarynyň üstünde oturdylan heýkel kompozitoryň beýikligini alamatlandyrmak bilen, daş-töwerege hakyky zehinden çykan mylaýym sazlary paýlaýan ýaly görnüşi emele getirýär.

Baýrammyrat ANNAÝEW,

Aşgabat şäher Baş bilim müdirliginiň başlygy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok