Soňky wagtlarda adam saglygyna has ýokary derejede üns berilýär. Aýratyn hem adamyň iň ejiz we näzik organlarynyň biri bolan göz kesellerini bejermek has möhüm meseleleriň biri bolup durýar. Häzirki wagtda göz kesellerini bejermekde has hem ýokary derejede netijeler gazanyldy. Munyň sebäplerinden biri hem köp mukdarda wizual maglumatlar sebäpli gözüň üstünde yzygiderli artýan ýükdür. Iş wagtlarynda köp adamlar üçin kompýuter we smartfonlar iş prosesiniň bir bölegi bolup, görüş ýadawlygy, gözüň hemişe dartylmagy, agyr görüş oňaýsyzlygy hemişelik adamlaryň ýoldaşy boldy.
Häzirki ýagdaýda apparat bejergisi görüş meselelerine garşy durmagyň ýeke-täk we täsirli usuly hökmünde garalýar. Göz apparatlary bilen bejergileriň geçirilmeginiň birnäçe ýeňillikli taraplary bar:
- Ýokary netijeli;
- Agyrysyzlyk, rahatsyzlygyň bolmazlygy;
- Saglyk üçin doly howpsuzlygy;
- Wagt tygşytlylygy;
- Ýaralaryň çalt bitijiligi;
- Bejergi netijesinde ýüze çykýan täsirler;
- Gan aýlanyş işjeňleşýär;
- Göz öýjüklerine kislorod berýär;
- Görüş ýitiligini ýokarlandyrýar;
- Kynçylyklaryň we gaýraüzülmeleriň öňüni alýar;
- Gabaklaryň çişini azaldýar;
Göz bejergilerinde has netijeli enjamlaryň biri Sinoptofordyr. Sinoptofor-göz çaşylygyny bejermekde has ähmiýetli enjamdyr.
Sinoptofor iki hereketli turbadan ybarat bolup, olaryň bir ujunda linzalar we şöhlelendiriji aýnalar bar, beýleki tarapynda jübüt gözegçilik obýektleri goýmak üçin rozetkalar bar. Her tarapynda gözegçilik obýektleri yşyklandyrýan lampalar bar. Awtomat enjam lampalaryň alternatiw açylmagyny we öçmegini üpjün edýär. Sinoptoforyň işleýiş mehanizmi, görüş meýdanlarynyň mehaniki bölünişine esaslanýar. Bu maksat bilen enjamda dürli synag obýektleri bolan ramkalar üçin ýerleri içine alýan 2 sany optiki kelle bar. Göz çaşylyk adamda ýaşlykdan ýüze çykýar we beýle ýagdaýyň öňüni almak zerur bolup durýar. Saglyk her bir adamyň iň gymmatly baýlygy bolup durýar.
Aýna SAPAROWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň
Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň
Kadaly fiziologiýa kafedrasynyň mugallymy.
Teswirler