Flaý gaýzeri

Flaý gaýzeri – ABŞ-nyň Newa ştatynyň demirgazyk-günbatarynda ýerleşýän emeli gaýzerdir. Bu gaýzer deňiz derejesinden 1230 metr belentlikde ýerleşýändir, sebitde ygalyň mukdary 300 millimetr töweregidir. Bu gaýzeriň beýikligi 1,5 metre barabar. Aslynda bu gaýzer däl-de, hemişe işleýän termiki çeşmedir. Gaýzerler bolsa wagtal-wagtal işleýän işjeň çeşme bolup durýandyr.

Flaý gaýzeri antropogen sebäplere görä ,,Fly Ranç’’-yň çäginde peýda bolupdyr. 1916-njy ýylda bu ýerde guýy burawlanyp, geotermiki ýer ýüze çykaryldy. Diňe 1964-nji ýylda gaýnag suw ýeriň içine girip başlady we suwda erän minerallardan üýtgeşik bir peýzaž döräp başlapdyr.

Flaý gaýzeriniň diwarlary häzirki wagtda hem ösmegini dowam etdirýär. Iň soňky maglumatlara görä, bu gaýzeriň beýikligi 1,5 metre ýetendir. Gaýzer üç uçar suwuny yzygiderli atýandyr. Minerallar, suwotular we sianobakteriýalar oňa reňk berýärler. Soňky ýyllarda gaýzeriň daş-töweregi düýpgöter üýtgäpdir.

Adamlar bu gaýzeri görmek isleýänlere mümkinçilikleri döretmek üçin, gaýzeriň ýerleşýän ýerlerini satyn almak isläpdirler. Emma bu ýeriň ýaşaýjylary olaryň tekliplerini ret edipdirler. Gaýzeri görmek isleýän jahankeşdeler, ony görmek üçin bu ýeriň ýaşaýjylaryndan öňünden rugsat soramaly bolupdyrlar. Newada Flaý gaýzerinden başga-da oňa meňzeş bolan ýene-de iki sany gaýzer bar. Olar Flaý gaýzerinden özleriniň ululygy we görnüşi boýunça biraz tapawutlanýarlar. Olaryň beýikligi 1 metre golaý bolup, ini bolsa has giň we konus görnüşindedir.

Aýgül ALTYÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň
Agroekologiýa hünäriniň 4-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok