Türkmenistan Özbegistana 2 milliard kubmetr tebigy gaz eksport edýär!

Aşgabatda 28-nji gezek geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023» atly halkara maslahatynda çykyş eden “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew Türkmenistanyň daşary ýurt bazarlaryna eksport edýän tebigy gaz möçberleri barada habar berdi. Onuň bellemegine görä, Türkmenistan Özbegistana 2 milliard kubmetr möçberinde tebigy gaz eksport edýär.

Mundan başga-da, oktýabr aýynda “Türkmengaz” döwlet konserni bilen Yragyň Elektroenergetika ministrliginiň arasynda tebigy gazy ibermek boýunça ähtnama gol çekildi. Bu resminama laýyklykda, Eýranyň üsti bilen ýene-de “swop” görnüşinde Yraga 9 milliard kubmetr möçberinde tebigy gaz ibermek meýilleşdirilýär.

“Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew öz çykyşynda gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly maýadarlary “Galkynyş” gaz känini özleşdirmegiň 3-nji tapgyryna gatnaşmaga çagyrdy. Bu tapgyrda öndüriljek tebigy gazyň “Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan” gaz geçirijisiniň çeşmesi boljakdygy bellenildi.

Laçyn AHMEDOWA,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz
uniwersitetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok