Türkmenistan Gyrgyzystanda geçiriljek ŞHG-niň duşuşygyna gatnaşar!

Türkmenistan Gyrgyz Respublikasynda geçiriljek Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşar. Bu barada Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň metbugat gullugy habar berýär.

ŞHG-niň bu ýokary derejeli duşuşygy 26-njy oktýabrda Bişkek şäherinde geçiriler. Şeýle hem bu sammite Belarusyň, Eýranyň, Gazagystanyň, HHR-iň, Mongoliýanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň hökümet Baştutanlary, Hindistanyň we Pakistanyň daşary işler ministrleri gatnaşar.

Şeýle hem şol gün gyrgyz paýtagtynda GDA-nyň hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisi hem-de Ýewraziýa hökümetara geňeşiniň mejlisi geçiriler. Bu ýokary derejeli duşuşyklarda özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşylar. Söwda-ykdysady, medeni we ynsanperwer ugurly hyzmatdaşlyga gönükdirilen birnäçe resminamalaryň gol çekilmegine garaşylýar.

Ogulgerek EGEMOWA,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok