Türkmen alymlary öri meýdanlarynyň spektral kitaphanasyny döredýärler

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň geoinformasiýa ulgamlary barlaghanasynyň ylmy ösüşleriniň biri «Altyn Asyr» türkmen kölüniň we Hazarýaka düzlüginiň töweregindäki öri meýdanlary üçin köp derejeli gözegçilik monitoring ulgamy bilen baglanyşyklydyr. Bu maksatlar üçin öri meýdan ösümlikleriniň agdyklyk edýän görnüşlerinden we bu ýerlerde ösümlikleri hasaba almagyň usulyýeti işlenip düzülmegi seljerildi. Bu ýagdaýda gözlegçilik ýerleriniň hemra suratlary we sebitdäki çöl-öri meýdan ösümliklerini öwrenmek ulanyldy.

«Altyn Asyr» türkmen kölüniň we Hazarýaka düzlüginde geçirilen meýdan işleriniň netijesinde öri meýdanlarynda ösümlikleriň 27 sany agdyklyk edýän görnüşiniň aýratynlyklary ýygnalyp, spektral kitaphana birleşdirildi. Spektral kitaphananyň maglumatlaryndan peýdalanyp, käbir giperspektral emeli hemra suratlary kesgitlenildi. Bu ýerde ýerleşýän ýerini kesgitlemegiň mümkinçiligini tassyklaýan birnäçe ösümlik görnüşleriniň (gara sazak, kelleriň ýowşany we ş.m.) kosmos şekillerinde alymlary gyzyklandyrýan zatlar spektrindäki gabat gelýänleri ýüze çykarmak mümkin boldy.

Ýeri gelende belläp geçsek, türkmen alymlarynyň işleri minerallaryň, suwuň, topragyň we ösümlikleriň mukdar we hil aýratynlyklaryny seljermek üçin ýokary çözgütli şöhlelendiriji spektrler öwrenilende häzirki zaman ylmy ugruna laýyk gelýär. Spektral kitaphanada toplanan çöl-öri meýdan ösümlikleriniň aýratynlyklaryny uzakdan duýgur maglumatlary seljermek programmasy bilen bilelikde ulanmak Türkmenistanda daglyk ýerleri yzygiderli dolandyrmak üçin amaly ähmiýete eýedir.

Akmyrat MÄTIÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok