Pagta hasylyny ýygnamak işi gyzgalaňly alnyp barylýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda halk hojalygynyň ähli pudaklary bilen bir hatarda oba hojalygynda hem uly işler amala aşyrylýar. Daýhanlaryň toprakdan bereketli hasyl almagy üçin ähli şertler döredilýär. Ýer eýeleri zähmet çekmek, hasyl ýetişdirmek üçin döredilýän mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanyp, netijeli işlemäge ruhlanýarlar.

Ülkämize sahawatly altyn güýzüň gelmegi bilen pagtaçy kärendeçi ýylyň dowamynda päk zähmeti bilen ýetişdiren hasylyny ýygnamak işini gyzgalaňly alyp barýar. «Ak altynly» pellerdäki ak hanalar daýhanyň guwanjy bolup, ýer eýesini tutanýerli zähmet çekmäge ruhlandyrýar. Şu günler welaýatlarymyzda ýetişdirilen pagtany ýygnamak işi guramaçylykly dowam edýär.

Ýeri gelende belläp geçsek, daşary döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan pagta süýümi milli ykdysadyýetimiziň eksport kuwwatyny artdyrmaga mümkinçilik döredýär. Ekologiýa taýdan arassa önüm bolan pagta süýümi dokma önümçiliginde giňden ulanylýar. Bu bolsa türkmen topragynda öndürilýän «ak altynyň» — milli baýlygymyzyň gymmatlydygyny görkezýär.

Ýurdumyzyň oba hojalygyny döwrebap ösdürmekde giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!

Ogulbagt HALYKOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok