Gahryman Arkadagymyzyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda belläp geçişi ýaly, Magtymguly Pyragy öz şygyrlary bilen dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren akyldar şahyrdyr. Golýazmalary ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» atly sanawyna giren şahyryň şygyrlarynyň umumadamzat paýhasynyň genji-hazynasynyň hatarynda mertebeli orna eýe bolmagy ähli halkymyz bilen birlikde, biz, kitaphanaçylary hem diýseň begendirdi. Magtymguly atamyzyň şygyrlary durmuşda iň ýakyn maslahatçy saýylýar. Halkymyzyň ruhuny baýlaşdyrmakda, watansöýüji nesilleri ýetişdirmekde şahyryň şygyrlary ägirt uly ähmiýete eýedir.
Nusgawy edebiýatymyzyň meşhur wekilleriniň içinde XVIII asyrda ýaşap geçen türkmen pelsepeçisi, akyldary Magtymguly Pyragy özüniň şygyrlary bilen halkyň arasynda uly şöhrat gazanan şahyrlaryň biridir. Beýik akyldar diňe kitaplara däl, eýsem, köňüllere dolan şahyrdyr. Mälim bolşy ýaly, dana şahyryň döredijilik örüsi örän giňdir. Onuň umman paýhasynyň, baý edebi mirasynyň agramly bölegi agzybirlik, jebislik, ygrarlylyk, watansöýüjilik, ynsanperwerlik ýaly asylly häsiýetlerden ybaratdyr. Şahyryň şygyrlary öwüt-ündewe hem pähim-paýhasa ýugrulandyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen akyldar şahyrymyzyň 300 ýyllyk toýuna örän uly taýýarlyk görülýär. Beýik şahyrymyzyň döredijiligini dünýä ýaýmak ugrunda ägirt uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, alyp barýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Abdulla ATANIÝAZOW,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler