Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk rowaçlanýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dünýä ýurtlary bilen dost-doganlyk gatnaşyklarymyz has-da ösdürilýär. Bu günki günde Watanymyzda dost-doganlyk gatnaşyklaryna aýratyn sarpa goýulýar. Muny Türkmenistan bilen Türkiýäniň dostlukly gatnaşyklarynda hem görmek bolýar. Bu döwletler baý taryhy we medeni mirasa eýe bolan ýurtlardyr.

Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 29-njy fewralynda ýola goýuldy. Netijeli hyzmatdaşlygyň geçen döwründe iki ýurduň arasynda giň gerimli gatnaşyklaryň baý hem oňyn tejribesi toplanyldy. Onuň esasyny döwletara, hökümetara we pudagara derejelerde gol çekilen hem-de hyzmatdaşlygyň wajyp ugurlaryny öz içine alýan ikitaraplaýyn şertnama-hukuk resminamalarynyň giň toplumy düzýär.

Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, dostluk asylly häsiýetleriň jemidir. Dostlar birek-biregiň iň gowy häsiýetleriniň ösmegine mümkinçilik döredip bilýärler. Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem ösdürilmegi, çuňlaşdyrylmagy babatda uly mümkinçiliklere eýe bolup durýandyklaryny bellemek gerek. Ilkinji nobatda, iki ýurduň halklarynyň dostluk, hoşniýetli gatnaşyklaryny berkitmäge bolan ymtylyşlary muňa oňyn şertleri döredýär.

Mämmetoraz NURYÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok