Gazagystan Respublikasy 1991-nji ýyldan bäri her ýylyň 16-njy dekabrynda Garaşsyzlyk baýramyny uludan belläp gelýär.
Gazagystan Respublikasynyň Almaty şäheriniň täsir galdyryjy ýeri bolan esasy nyşanlaryň biri-de şäheriň meýdançasynda ýerleşýän Garaşsyzlyk ýadygärligidir. Ol ýadygärlik 1996-njy ýylyň 16-njy dekabrynda Gazagystanyň Prezidenti tarapyndan esaslandyrylýar.
Garaşsyzlyk heýkeliniň beýikligi 28 metre barabar bolup, ol iki sany binanyň arasynda ýerleşýär. Gazak halky «Watan maşgaladan başlanýar» diýen nakyldan ugur alýar we bu heýkeliň nyşanlary şol pikiri öňe sürýär. Ol ýadygärlik şekiliniň iň ýokarsynda ýerleşýän, Gazagystanyň taryhynyň sahypalarynda orun alan, altyndan ýasalan adamyň heýkeli gazak topragynda berk döwlet güýjüni alamatlandyrýan milli medeniýetiň tapawutly aýratynlygyna öwrüldi.
Ýeri gelende belläp geçsek, Gazagystan Respublikasynyň Garaşsyzlyk ýadygärlik heýkeliniň kompozisiýasy B.Wulhanow tarapyndan döredilendir.
Merdan RUSLANOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.
Teswirler