Balkan welaýatynyň merkezi Balkanabat şäherinde «Türkmennebit» döwlet konserniniň Günbatar sebitdäki edara-kärhanalarynyň nebitçileri üçin her biri 16 maşgala niýetlenen, iki gatly, iki sany täze ýaşaýyş jaýy ulanmaga berildi. Ýaşaýyş jaýlary 2, 3 we 4 otaglardan ybarat bolup, olarda ýaşaýyş üçin hemme amatlyklar göz öňünde tutulypdyr.
Täze ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabarasynyň dowamynda konserniň düzümine girýän kärhanalaryň işgärlerine täze öýleriň açarlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Soňra täze ýaşaýyş jaýlarynda ýaşamak bagtyna eýe bolan balkanly nebitçiler çykyş edip, onuň ýetip gelýän şanly senä özboluşly baýramçylyk sowgady bolandygyny buýsanç bilen bellediler.
Ýeri gelende belläp geçsek, ýokary hil ülňülerine laýyk gurlan täze ýaşaýyş jaýlary «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň buýurmasy esasynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazçykaryş» trestiniň Balkanabat şäherindäki «Ýöritegurluşykgurnama» müdirliginiň ussat gurluşykçylary bina etdiler.
Ýusup SAPAROW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.
Teswirler