Peýnir iň gadymy iýmit önümleriniň biridir. Alymlaryň aýtmagyna görä, adamlar peýnir taýýarlamagy hat-ýazuw döremezinden hem öň öwrenipdirler. Muňa arheologik ylmy-barlag işleriniň barşynda ýüze çykarylan, biziň eýýamymyzdan öňki V müňýyllyga degişli süýt uýatmak üçin niýetlenilen gap aýdyň delildir. Gadymy Müsürde, Aziýada, Ýewropada, Ýakyn Gündogarda uzak ýola huruşlyk hökmünde ýanyňa alyp gitmek üçin süýdi turşadyp, o diýen gaty bolmadyk peýniri taýýarlamagy öwrenipdirler. Gatadylan peýniri bolsa XIV asyrda gollandlar köpçülikleýin görnüşde öndürip başlapdyrlar.
Peýniriň peýdalylygy — onda beloklaryň känligidir. Munuň sebäbi süýdüň belogynda aminokislotalar kän. Beden öýjükleriniň bolsa hut aminokislotalardan durýandygy bize mälimdir. Immun ulgamy üçin beloklar diýseň wajypdyr. Mundan başga-da gaty peýnir A, D, E, B1, B2, B5, B12, PP i C ýokumlara baý. Geň ýeri, peýniriň düzüminde kalsiý süýtdäkiden hem köpdür. Peýnire «kalsiý ammary» diýilmeginiň sebäbi-de şoldur. Peýniriň düzüminde demir, sink, natriý, magniý hem bar. Käbir görnüşlerinde ýod, selen hem bar. Ýumşak we ýarym gaty peýnirlere garanda, gaty peýnirleriň düzüminde minerallaryň mukdary has kändir.
Belogyň ýetmezçiligi bedeniň suwunyň azalmagyna sebäp bolýar, bu bolsa adamyň wagtyndan öň garramagyna getirýär. Kalsiý ýetmezçiligi saça, dyrnaga, dişlere we süňklere ýaramaz täsirini ýetirýär. Şonuň üçinem peýniri başardygymyzdan iýmit sanawymyzdan aýyrmajak bolmalydyrys. Peýniriň immuniteti beýgeltmekde-de täsiri uludyr. Ýöne ony aşa köp iýmegiň hem peýda däldigini ýatdan çykarmaly däldiris.
Taganbibi JUMAMYRADOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler