Milli ykdysadyýetiň rowaçlanýan pudagy

Berkarar Watanymyzda Hormatly Prezidentimiziň pähim-parasady, beýik işleri bilen rowaçlanýan “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň ähli ugurlary netijeli ýagdaýda ösdürilýär. Diýarymyzda alnyp barylýan ulag diplomatiýasy üstaşyr ýük we ýolagçy gatnawlaryny üstünlikli ýola goýmaga, döwrebap awtomobil, demir ýollary gurmaga, howa we deňiz-derýa gatnawlaryny döretmeklige esas döredýär. Häzirki zaman talaplaryna laýyklykda Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmekde başy başlanan möhüm işler ýurdumyzy sebitde iri ulag-logistika merkezine öwürmeklige badalga bolup hyzmat edýär. Bu günki gün eziz Türkmenistan ýurdumyz ulag-aragatnaşyk ulgamynda amal edilýän işleri Durnukly ösüş maksatlary bilen utgaşykly durmuşa geçirýär. Halkara we sebit derejesinde ulag-logistika ulgamyny ösdürmek öňe sürülýän başlangyçlaryň dünýä jemgyýetçiliginde giň goldawa eýe bolýandygyna güwä geçýär.

Şeýle-de halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi, logistika arkaly söwdany artdyrmagyň mümkinçilikleri häzirki zaman ykdysadyýetinde ulag-logistikanyň özara arabaglanyşygy emele getirýär. Bu ugurda amallary sanlylaşdyrmak, poçta hyzmatlarynyň döwrebap ugurlaryny döretmek, elektron söwdany giňeltmek innowasion tehnologiýalaryň ulag we logistika pudagyndaky eýeleýän ornuny berkidýär. Ulag-kommunikasiýa ulgamynda demir ýol, awtomobil, deňiz, howa ulaglarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça amala aşyrylýan giň möçberli milli maksatnamalar we hereket edýän ulag geçelgelerini giňeltmek, sebit we dünýä söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň çuňlaşdyrylmagyna itergi berýär. Şol bir wagtda sebit we sebitara ulag-üstaşyr gatnaşyklarynyň çatryklarynyň we halkara geçelgeleriniň açylmagy ençeme yklym döwletleriniň açyk deňiz giňişliklerine çykmak mümkinçiliklerini artdyrmakda zerur şertleri döredýär. Öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen howa menzilleri, demir we awtomobil ýollary, köprüler, sebit hem-de sebitara ulag ugurlarynyň kemala gelmegine, giňemegine täsir edýär. Ulag-logistika ulgamy durnukly ykdysady ösüşiň möhüm şertleriniň biri bolup, bu ulgamda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmekde tagallalary birleşdirmek ählumumy zerur wezipe bolup çykyş edýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkara ulag geçelgeleriniň ygtybarlylygy üçin amatly şertleriň döredilmegi döwletimizi sebitde we tutuş dünýäde möhüm transmilli ýollaryň merkezine öwrülmegine şert döredýär. Ýurdumyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda alnyp barylýan hemişelik Bitaraplyk, hoşniýetli goňşuçylyk syýasaty bu ugurda işleriň has-da ilerlemegine uly mümkinçilik berýär.

Firuza DOSÇANOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň II ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok