Iň uly kitaphana. Dünýädäki iň uly kitaphana Waşingtondaky Kongressiň kitaphanasydyr. Ol 1800-nji ýylda amerikan hökümeti Filadelfiýadan Waşingtona geçirilenden soň döredilýär. Ýerasty geçelgeler arkaly birigýän üç binadan ybarat kitaphanada 470 dildäki 38 milliondan gowrak kitap bar. Kitap tekjeleriniň umumy uzynlygy bolsa 1200 kilometre barabardyr. Her gün kitaphananyň goruna 10 müňden gowrak kitap goşulýar.
Hat ýazýan enjamda ýazylan ilkinji kitap. Taryhçylar Mark Tweniň 1882-nji ýylda okyjylara gowşan «Missisipidäki ýaşaýyş» atly kitabynyň hat ýazýan enjamda kagyza geçirilip, neşirýata ugradylan ilkinji eserdigini tassyklaýarlar. Öz terjimehalynda Mark Twen öý telefony bolan ilkinji adamdygy bilen bir hatarda edebiýatda hat ýazýan enjamy hemmelerden öň ulanandygyna hem buýsanýar. Mark Twen bu eserini «Remington №2» atly hat ýazýan enjamda ýazypdyr.
Iň uzak roman. Fransuz ýazyjysy Marsel Prustyň «Ýitirilen wagtyň gözleginde» atly romany 1913 — 1927-nji ýyllar aralygynda ýazylyp neşir edilipdir. Bu romanyň ýedi tomunda 1267069 söz bar, ulanylan nyşanlaryň sany bolsa 9609000-e barýar. Munuň özi «Uruş we parahatçylykdaky» sözlerden iki esse köpdür.
Agamyrat ALLAÝAROW,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler