Hytaý internet tizliginde birinji oruna geçdi

Hytaý tehnologiýada ýene-de bir täze orny eýeledi we dünýäniň iň çalt interneti bilen tanyşdyrdy. Täze tor sekuntda 1,2 terabit tizlige ýetip bilýär. Hytaýyň bu ajaýyp üstünligi internet ulanyjylarynyň arasynda uly tolgunma döredýän hem bolsa, beýleki ýurtlaryň tehnologiýa pudagyndaky bäsleşigi güýçlendirip biler. Häzirki wagtda ýokary tizlikli internetiň getirjek artykmaçlyklary we bu pudaga edýän täsiri sabyrsyzlyk bilen garaşylýar.

Hytaý dünýäde ilkinji täze nesil internet hyzmatyny ýola goýdy, bu iki ýyl geň galdyryjy aralyk bilen pudak çaklamalaryndan ýokary bolup durýar. Täze internet ulgamy, sekuntda 1,2 terabit tizlik bilen maglumat geçiriş tizligine eýe. Bu tizlik häzirki esasy internet ugurlarynyň köpüsinden on esse çalt. Tor 3 müň kilometrden gowrak meýdana ýaýraýar we optiki inçe süýümli kabel ulgamy arkaly birleşýär. Iýul aýyndan bäri resmi taýdan işleýän toruň ygtybarlylygy we netijeliligi giňden synagdan geçirildi we subut edildi.

Bu uly üstünlik, Tsinghua uniwersitetiniň şeýle-de “China Mobile”, “Huawei Technologies” we “Cernet Corporation” ýaly şereketleriň bilelikde geçirilen tagallalarynyň netijesidir.

Häzirki wagtda global internet torlarynyň köpüsiniň sekuntda 100 gigabaýt töweregi işleýändigine garamazdan, Hytaýyň täze ulgamy bu standarty bozýar, hatda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň soňky internetde sekuntda 400 gigabaýtdan ýokary bolmagyndan hem ýokarydyr.

Mährigözel ALTYÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok