Dünýäniň dürli halklarynyň dillerini bilmek, şol halklaryň medeniýetiniň bir bölegini bilmekdir. Ata-babalarymyz «Dil bilen dana, dil bilmeýän diwana» diýip, öz ene diliňden daşary, özge ýurduň dilini bilmegiň dünýägaraýşyňy giňeldýändigini, bilimlilik derejäňi ýokarlandyrmaga oňyn täsiriniň ýetirýändigini belläpdirler. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyzda dürli dilleri özleşdirmek, şol dillerde suwara gürlemek üçin ähli mümkinçilikler döredilýär.
Dünýä halklary bilen dost-doganlygy gazanmak, özara ynanyşmak, birek-biregi goldamak ýaly gatnaşyklaryň esasy çelgisi hem dildir. Dil halklary ysnyşdyrýan, ýürekden ýürege barýan köpri mysalydyr. Muňa ýönekeý söz bilen aýdanyňda,halklary jebisleşdirmek diýmekdir. Beýleki bir tarapdan, bilelikde üstünlige ýetmegiň açarydyr.
Biz ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary, hünär taýdan kämilleşmeklerimiz, giň dünýägaraýyşly, eziz Watanymyza wepaly şahsyýetler bolup ýetişmeklerimiz üçin ähli şertler döredilýär, halypa-şägirtlik ýörelgesi mynasyp dowam etdirilýär. Muny orta mekdeplerde geçýän mugallymçylyk tejribeliginde hem aýdyň görmek bolýar. Tejribelik döwründe halypa mugallymlarymyzdan alan döwrebap bilimlerimiz bize hünär taýdan kämilleşmäge oňaýly şert döredýär.
Biz — türkmen ýaşlaryna şeýle mümkinçilikleri döredýän, dil öwrenmek üçin naýbaşy, döwrebap bilim ojaklaryny gurduryp berýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!
Daýanç ALLANUROW,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler