Albukerke şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirildi

23-24-nji oktýabrda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Albukerke şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirildi. Sözüň doly manysynda, ajaýyp döwrümizde türkmen we amerikan halklarynyň arasynda ýola goýlan medeni gatnaşyklaryň ýeten belent sepgitleriniň aýdyň şöhlelenmesi bolan bu çäräniň dowamynda Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlikleriniň wekilleri, Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň alymlary, ýurdumyzda we daşary ýurtlarda giňden tanalýan «Dokmaçylar», «Aşgabat», «Ahal öwüşginleri» tans, folklor we etnografik toparlaryň täsirli çykyşlary göwünlere ganat bekletdi.

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli guralan çärede ýurdumyzyň belli teatr artistleri hem-de aýdymçylary beýik söz ussadymyzyň goşgularyny labyzly okadylar, onuň goşgularyna döredilen aýdymlary aýtdylar. Türkmen alymlary dana Pyragynyň ömri we döredijiligi barada täsirli gürrüň berip, 2014-nji ýylda onuň goşgular ýygyndysynyň iňlis dilinde neşir edilendigini buýsanç bilen bellediler. Bu ýerde guralan döredijilik sergisinde halkymyzyň köpasyrlyk taryhynyň dowamynda has-da kämilleşdiren milli gymmatlyklary giňden ýaýbaňlandyryldy.

Uly ruhubelentlige beslenip geçirilen döredijilik duşuşyklarynyň baş temasy iki dostlukly halkyň arasynda ýola goýlan medeni gatnaşyklaryň barha giň gerime eýe bolmagynda sungatyň tutýan orny barada aýratyn nygtaldy. Mälim bolşy ýaly, Aşgabat we Albukerke şäherleri doganlaşan şäherlerdir. Iki şäheriň ýaşaýjylarynyň dost-doganlyk gatnaşyklarynyň berkemegine medeniýet ulgamynyň uly mümkinçiliklere eýedigi eriş-argaç bolup geçýändigi baradaky söhbet duşuşygyň esasy many-mazmunyna öwrüldi. Täsirli çykyşlary, köpöwüşginli döredijilik duşuşyklary amerikaly dostlarymyz gyzgyn garşyladylar.

Laçyn PALTAÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok