Ýurdumyzyň ykdysadyýetinde daşary ýurtlar bilen dostlukly gatnaşyklaryň alnyp barylmagy, bu pudagyň barha ösmegine itergi berýär.
Şu ýylyň dokuz aýynyň maglumatlary boýunça Türkmenistan bilen Özbegistan respublikasynyň arasyndaky ulaglar arkaly daşarky söwda dolanşygy 830,3 million ABŞ dollaryna barabar boldy. Bu barada Özbegistan respublikasynyň döwlet statistika komitetiniň hasabatynda beýan edilýär.
Hasabata görä ýurduň Türkmenistana eksporty degişli döwürde 129,4 million ABŞ dollaryna deň boldy, şeýle-de biziň ýurdumyzdan 700,9 million ABŞ dollarlyk önümi import etdi. Umumylykda iki ýurduň arasyndaky daşarky söwda dolanşygy degişli döwüre laýyklykda 1,9 göterime deň boldy.
Şeýle-de ýurdumyzyň 2022-nji ýylyň on bir aýyndaky daşary söwda dolanşygy 34,6 göterim ýokarlandy we 18,3 milliard ABŞ dollaryna barabar boldy. Degişli döwürde ýurdumyzyň eksporty 11,66 milliard ABŞ dollaryndan geçdi. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde 46,5 göterim ýokarydyr.
Türkmenistanyň daşary söwda dolanşygynda eksport edýän ilkinji bäşlik ýurtlara Hytaý, Russiýa, Owganystan, Türkiýe we Özbegistan girýär.
Degişli döwürde ýurdumyzyň eksportynda öňdebaryjy pudaklar bolan nebit-gaz toplumy, elektroenergiýa pudagy, mineral dökünleriň, egin-eşikleriň, aýakgaplaryň, gurluşyk materiallarynyň, kükürdiň, konditer önümleriň hem-de derman we azyk senagaty pudaklarynda ösüş depgini ýokary boldy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan Watanymyzda daşary ýurtlar bilen söwda dolanşygynda eksport we import önümleriň möçberiniň artýandygy ykdysady pudaga örän uly ähmiýet berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Azat Nedirow,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň
Buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit
fakultetiniň I ýyl talyby.
Teswirler