25-nji oktýabrda Türkmenistanyň paýtagtynda 46 ýurtdan 700-den gowrak wekiliýetiň gatnaşjak iň uly sebit energetika forumy OGT 2023 öz işine başlar. Gatnaşyjylaryň arasynda halkara kompaniýalarynyň we guramalarynyň, diplomatik wekilhanalaryň we ministrlikleriň, banklaryň we dürli gaznalaryň, daşary ýurtly we Türkmenistanyň KHBS-niň 400-den gowrak wekilleri bar.
Bu ýylky OGT-nyň şygary — “Ygtybarly. Durnukly. Arassa energiýa” diýlip atlandyrylýar. Onuň maksatlary diňe bir energetika temalaryna gönükdirilmän, eýsem, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri we howa bilen baglanyşykly köp sanly meseleleri hem öz içine alýar.
Moderatorlaryň hatarynda tanymal hünärmenler bolan – UNECE-iň Durnukly energiýa bölüminiň direktory Dario Liguti, Jon MakGregor, Aşgabatdaky ÝHHG-niň merkeziniň ýolbaşçysy, Kleýr Godard, S&P Global Commodity Insights-yň Ýakyn Gündogar we Gündogar sebitiniň seljeriş bölüminiň başlygy, Ismadi Bin Ismail, PETRONAS Carigali-niň (Turkmenistan) Baş direktory Sdn Bhd, Heşam Zubari, “Dragon Oil” (Holdings) Ltd-iň tehnologiýa we innowasiýa boýunça müdiri hem bar.
Mundan başga-da, wekilýetleriň arasynda Halkara olimpiýa komitetiniň onlarça prezidenti we iri energetika kompaniýalarynyň ýigrimi-den gowrak wise-prezidentleri we (SOCAR, Dragon Oil, CNPC, PETRONAS, PEL Limited, Siemens Energy, Total Energies, Baker Hughes, Schlumberger, LX International, Yug-Neftegaz Private Limited we ş.m.), maliýe guramalarynyň, daşky gurşaw guramalarynyň, BMG-niň we ÝHHG-niň ýolbaşçylary we wekilleri bar.
Ilaman AÇYLOW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Energetika we inženerçilik desgalary
fakultetiniň talyby.
Teswirler