Dutaryň piri – Baba Gammar

Baba Gammar deňi-taýy bolmadyk sazanda bolupdyr we onuň ady zehinli dutarçylaryň ussatlyk derejesini kesgitlemek üçin ulanylýar. Ol tarlary ýüpekden bolan, tut agajyndan bolan ilkinji dutary ýasapdyr, diýen halk arasynda ynam bar. Rowaýata görä ony ýasamakda geljekki ussa sazandanyň gulagyna «saz guralynyň gurluşy barada» keramatly «ses» eşidilipdir diýilýär. Şonuň üçin her bir dutarçy ussa ony kämilleşdirmekde öz akylyny we başarjaňlygyny ulanypdyr. Mirasa hormat goýmak bilen, ýaş türkmen sazandalary onuň ýatan ýerine we dutarynyň döwüginden gögeren agajyň ýanyna zyýarata gidip, «ak pata» alypdyrlar. Ol agajyň baldaklary hem dutara çalymdaş bolup, miwesi bolsa dutaryň kirişlerini çekýän «gulagyna» meňzeýär. Türkmen rowaýatlarynda Baba Gammar suwuň ýüzüne haly düşäp, onuň üstünde saz çalar eken, diýen geň-enaýy hekaýa bar.

Gündogar halk hekaýalarynda aýdylşyna görä Baba Gammar seýis bolupdyr we Ali halifyň iň gowy görýän atyny bakar eken, şeýle hem oňa aram-aram dutarda saz çalyp berer eken. At bolsa dutaryň sesini eşidip, «durup gussaly ýagdaýda saz diňleýär». Netijede, sazanda dutaryň jadylaýjy owazynyň bedewe edýän täsirini mejbury «peseldýär». Gazak medeniýetinde atlaryň we atbakarlaryň hemaýatkäri Žilkyşy-ata Kambar diýen keşbiň bardygyny hem aýtmaly. Alymlar suwuň, sazyň we atlaryň bir hyýaly keşpde jemlenýänligini belläp geçýärler. Bu ýerde gazak rowaýatyndaky deňiz atlarynyň hökümdary barada gürrüň gidýär. Gazak we türkmen mifini umumylaşdyrýan sebit – Hazar deňziniň ýakalary bolmaly.

Baba Gammar Merkezi Aziýadaky medeniýetleriň ählisinde bellidir. Onuň ady bilen örän köp hadysalar, ýagny ýeriň-ýurdyň atlaryndan başlap epiki düzmeleriň, hekaýalaryň atlaryna çenli baglydyr. Gazak folklorynda şeýle bir ýüzlenme bar: «Eý, kölleriň, çölleriň we teşneligiň howandary çöldäki, ýoldaky ogluma ýardam et!». «Gammar-batyr» şadessanyndaky ol diňe bir iti we awçy guşy bolan awçy bolmak bilen çäklenmän, eýsem, haýwanlaryň diline düşünýän keşpde janlandyrylýar.

Baýramgül ILMYRADOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok