Çowdary çöregi

Çowdary dänelik ekinleriň içinde bugdaýdan soňky çöreklik ekin hasaplanýar. Ol dänelik we ot-iýmlik ekin hökmünde dünýäniň köp ýurtlary bilen birlikde, biziň ýurdumyzda hem ekilýär. Häzirki wagtda eziz Diýarymyzda çowdarydan çörek önümlerini öndürýän kärhanalar işläp, azyk harytlary dükanlarynda çowdary çöreginiň dürli görnüşleri halkymyza hödürlenilýär.

Çowdary çöregi ynsan saglygy üçin peýdalydyr. Onuň, esasan-da, berhizlik ähmiýeti örän uly. Çünki onuň dänesiniň düzüminde adam bedenine gerek bolan birnäçe witaminler, beloklar, uglewodlar, mineral maddalar saklanýar. Çowdary dürli keselleriň öňüni almakda, bejermekde hem uly ähmiýete eýedir.

Çowdary çöregi dürli witaminlere, şol sanda magniý we kaliý ýaly minerallara baý. Biziň gündelik iýmitimizde bu çörek diňe bir kaloriýanyň we iýmitlenmegiň goşmaça çeşmesi bolman, eýsem, onuň süýji kesellilere peýdaly taraplary-da bardyr. Ol içege üçin has-da peýdaly bolup, serotoniniň düzümini we şekeriň ýagdaýyny kadalaşdyrýar. Iýmit siňdiriş ulgamynyň kadaly bolmagynda, süňkleriň berkemeginde we gan goýalmagynyň öňüni almakda peýdalydyr.

Zenanlarymyzyň käbiri artykmaç agram edinmezlik üçin naharyň ýanyndan çörek iýmeýärler. Zenanlara çowdary çöregini iýmegi maslahat berip bolar. Çünki bu çöregi näçe iýseň-de, semretmeýär. Şähdiňiziň açyk bolmagyny isleseňiz hem çowdary çöregini iýmegi unutmaň. Şeýle-de ony iýseňiz, özüňizi uzak wagtlap dok duýarsyňyz. Çünki onuň ýokumlylygy, doýgunlylygy ýokary bolup, birbada başga iýmit küýsetmeýär.

Rahman ABDYRAHMANOW,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok