3,4 million tonnadan gowrak «gara altyn» gaýtadan işlenildi

2023-nji ýylyň 9 aýynda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda 3 million 412 müň 794 tonna «gara altyn» gaýtadan işlenildi. Şol bir wagtda önümçilik meýilnamasy 100,7 göterim ýerine ýetirildi.

Şol sanda awtomobil benzinini öndürmek boýunça umumy meýilnama 105,4 göterim, kerosin – 108,8 göterim, dizel ýangyjy – 105,3 göterim, motor ýaglary – 100,9 göterim ýerine ýetirildi.

Suwuklandyrylan gazyň önümçilik depginleri has-da haýran galdyrýar. Munda önümçilik 1,9 esse artdy.

Häzirki wagtda TNGIZT içerki bazarlarda bolşy ýaly, daşary ýurtlarda hem uly islegden peýdalanýan nebit we nebithimiýa önümleriniň dürli görnüşleri öndürilýär.

Ahmet AMANGELDIÝEW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok