Ertekiler halk döredijiliginiň çaganyň terbiýesine iň täsirli görnüşleriniň biri. Şonuň üçin hem mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralarynda geçilýän sapaklarda ertekilerden peýdalanmak çagalaryň sapagy gowy özleşdirmeklerine ýardam edýär.
Ertekiler — bizi uly dünýä taýynlaýan terbiýeçiler. Çagalygyndan garry atasynyň, enesiniň ertekilerinden gulagy ganyp kemala gelen perzent dilewar, ugurtapyjy, ruhubelent bolýar. Sebäbi ertekileriň özenine ýeňşe bolan ynam, maksadaokgunlylyk siňdirilen. Gyzykly ertekiniň täsiri netijesinde çagada watansöýüjilik, batyrlyk, ruhubelentlik, özüňe ynamly bolmak ýaly gymmatly aýratynlyklar kemala gelýär. Ertekilerde wakanyň haýwanlaryň ýa-da hyýaly gahrymanlaryň üsti bilen beýan edilmegi çagalary özüne çekýär. Olar durmuşda şolara meňzäsi gelýär. Uçýan halyda uçasy, dünýäni seýran edesi gelýär. Aslynda, çaga diňläp öwrenen ertekisini gowy ýadynda saklaýar. Olaryň ulalansoňam çeper edebiýata bolan söýgüsi egsilmeýär.
Ertekiler türkmeniň terbiýe mekdebiniň aýrylmaz bölegi. Çöller, daglar, olarda ýaşaýan janly-jandarlar barada biziň köpimiz ilkinji gezek ertekileriň dünýäsine eden syýahatymyzyň üsti bilen tanyş bolandyrys, başlangyç düşüňjeleri alýandyrys.
Häzirki wagtda ýurdumyzda sanly ulgamyň ösmegi bilen ertekileriň çagalara ýetirilmeginiň gerimi has-da giňeldildi. Bu ugurda orta mekdeplerde hem-de çagalar baglarynda multimediýa enjamlary arkaly ertekiler dürli görnüşde hem dürli dillerde çagalaryň dykgatyna ýetirilýär. Şeýle hem, ene-atalar internet arkaly birnäçe audioertekileri ýükläp alyp, olary gündelik durmuşda ulanyp bilýärler. Bu mümkinçilikler bolsa Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çagalar hakyndaky aladasynyň subutnamasydyr.
Aýlar ATAÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler