«Dutaryň owazy» halkara sungat festiwaly barha ýakynlaşýar!

Moskwanyň Nury Halmämmedow adyndaky «Dutaryň owazy» halkara sungat festiwaly şu ýylyň 28-nji oktýabryndan 4-nji noýabry aralygynda geçiriler. Täze möwsüm beýik türkmen kompozitory Nury Halmämmedowyň (1938-1983) 85 ýyllygyna bagyşlanýar. Taslamanyň awtory kompozitor Mamet Guseýnow bolup durýar.

VII gezek geçirilýän festiwalyň çäginde konsertler, häzirki zaman türkmen suratkeşiniň sungat sergisi, film görkezilişi, Nury Halmämmedowyň wokal ýygyndysynyň tanyşdyrylyşy bolar.

Etno-medeni däplere esaslanýan akademiki sazyň iň gowy ýerine ýetirilmegi üçin sazandalaryň bäsleşigi üçin arzalar hem kabul edilýär. Bäsleşik bir tapgyrda geçirilip, oňa dünýäniň dürli künjeklerinden sazandalar gatnaşyp bilerler.

Bäsleşigiň hünärleriniň arasynda: wokal sungaty, saz gurallary (kirişli, üflenip çalynýan, pianino, halk orkestr gurallary) bar. Nominasiýalar: solistler, duetler, üçlük, ansambllar – gurally, wokal we wokal-gural. Her hünärde öz emin agzalarynyň başlygy bolar we düzümine Russiýanyň, Türkmenistanyň we beýleki ýurtlaryň saz sungatynda öňdebaryjy şahsyýetleri girer.

Festiwalyň esasy maksady adamlary bir ýere jemlemek, halk diplomatiýasyny ösdürmek, hoşniýetli goňşuçylygy we halklaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmek, Russiýa we GDA ýurtlarynyň etno-medeni däplerini gorap saklamak bolup durýar.

Myrat MYRADOW,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Energetika we inženerçilik desgalary
fakultetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok