Balyk

Türkmen halky öz iýmitinde balyk önümleriniň bolmagyna hemişe üns beripdir. Balyk we deňiz önümleri adamyň iýmitiniň möhüm düzüm bölekleri bolup durýar. Beloklaryň, ýaglaryň, witaminler toplumynyň, kaliý, kalsiý, magniý, demir, fosfor ýaly mikro we makro elementleriň baýlygy boýunça olar ençeme beýleki azyk önümlerinden öňe geçýär. Azyklyk ähmiýetinden başga-da, bu önüm beloga, şeýle-de derde derman ýokumlary özünde jemleýän balyk ýagyna baýdyr.

Häzirki zaman statistik maglumatlaryna laýyklykda, balyk we suwda ýaşaýan beýleki jandarlar Ýer togalagynyň ilatynyň 50 göterimini protein bilen üpjün edýär. Dünýä ýüzünde öndürilýän azyklyk önümleriň düzümindäki belogyň 6 göterimi balyk önümleriniň paýyna düşýär. Balyk etiniň düzümindäki ýagyň mukdary 3 göterimden 30 göterime çenli, hat-da ondan hem ýokary bolup biler. Ýokumlylygy boýunça 1,5 kilogram janly ýa-da doňdurylan,1 kilogram duzlanan we 500 gram kakadylan balyk önümi 1 kilogram mal etiniň ýokumlylygyna barabardyr.

Balyk eti beýleki gara mallaryň etinden hiç pes bolman, eýsem, beden üçin özleşdirilmesi ýeňil hem-de siňňitli bolmak bilen tapawutlanýar. Onuň düzümi magniý, ýod, brom, demir, fosfor, kalsiý ýaly mineral elementlere hem baýdyr. Düzümi dürli ýokumlara we witaminlere, mikro we makroelementlere, dürli turşulyklara baý bolansoň, balyk eti ençeme keselleriň öňüni almaga oňyn täsir edýär. Balyk etiniň düzüminde D witamininiň, B witaminler toparynyň hem-de Omega-3 ýagly kislotalaryň ýeterlik mukdarynyň bolmagy adamyň merkezi nerw ulgamynyň, beýniniň gowy işlemegi, şol bir wagtda-da ýatkeşligiň, ünslüligiň güýçli bolmagy üçin gymmatly ýokumlardyr.

Balyk etiniň beloga baýdygy hem bellärliklidir. Balyk eti A witaminiň tebigy gory hökmünde hem örän ähmiýetlidir. A witamini gözleriň saglygy, görejiň ýitiligi üçin örän wajypdyr, şeýle-de ol bedeniň kesellere garşy göreşijilik ukybyny artdyrýar, belogyň sintezinde esasy orun alýar, deri kesellerini bejermekde peýdasy uludyr.

Süleýman HEMRAÝEW,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Energetika we inženerçilik desgalary
fakultetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok