Alamberdar aramgähi

Alamberdar aramgähi Astanababanyň esasy ýadygärligidir. Onuň gurluşygy barada X–XI asyrlaryň sepgidinde ýaşap geçen ilçi we köşk taryhçysy Abu Nasr al-Utbi soltan Mahmyt Gaznalynyň bitiren işlerine bagyşlanan kitabynda ýazýar. Samanylar nebereleriniň soňky wekili, 1005-nji ýylda öldürilen Ysmaýyl al-Muntasiriň jesedini jaýlamak üçin Maýmarga getirýäler. Mahmyt Gaznaly umumy duşmany Garahanlylar bilen göreşde al-Muntasir bilen egindeş ekeni, şonuň üçinem soltan beýik serkerdäniň hatyrasyna aramgäh gurdurýar.

Omargalanyň etegindäki biziň günlerimize çenli gowy saklanyp galan ýadygärlik XI–XII asyrlarda şu sebitde binagärlik ussatlygynyň ýokary derejä ýetendigine şaýatlyk edýär. Gurlandan 400 ýyl soň aramgähiň üýtgeşik girelgesi Merkezi Aziýanyň, Eýranyň, soňy bieln tutuş Yslam dünýäsiniň esasy çeperçilik serişdesine öwrülýär.

Aýtmaklaryna görä, Alamberdar Alynyň baýdak göterijisi we serkerdesi bolupdyr. Bir gezek onuň goşuny çölde galyp, teşnelikden ejir çekipdir. Şonda ol guýy gözlegine çykýar, azaşmazy ýaly ýoldaşlaryna gije ot ýakmagy tabşyrýar. Ýöne ýalňyşyp, duşman goşunyna gelýär we şol ýerde öldürilýär. Ertesi egindeşleri onuň jesedini duşman elinden alyp, depin edýärler we mazarynyň üstünde aramgäh galdyrýalar.

Ýadygärlik keramatly kişileriň gubury ýaly zyýarat edilýän ýere öwrülmändir, şonuň üçinem bu ýerde dünýewi adam jaýlanypdyr diýlip çak edilýär.

Uzukjemal AKMÄMMEDOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok