Golaýda Awstriýanyň paýtagty Wena şäherinde ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda Gündogaryň nusgawy şahyry we beýik türkmen akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli konsert geçirildi.
Mälim bolşy ýaly, Awstriýa bilen Türkmenistanyň arasynda medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygyň gerimi ýyl-ýyldan giňeýär. Golaýda Arkadag şäherinde V Wena balynyň we «Galkynyş» türkmen-awstriýa simfoniki orkestriniň konsertiniň üstünlikli geçirilmegi iki ýurduň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň taryhynda ajaýyp wakalar boldy. Olaryň yzysüre paýtagtymyzdaky Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde guralan «Galkynyş» türkmen-awstriýa simfoniki orkestriniň konserti hem medeni baýramçylyga öwrüldi. Şol günlerde Aşgabatda saparda bolýan Wena şäheriniň wekiliýetiniň agzalary bilen duşuşykda-da bilelikdäki medeni çäreleri geçirmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýurdumyzyň sungat wekiliýetiniň Ýewropanyň saz paýtagtyna şu gezekki döredijilik saparyny hem iki döwletiň arasyndaky medeni dialogda öňde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmekde möhüm waka hökmünde görkezmek bolar.
Dunaý derýasyny etekläp oturan «kompozitorlaryň şäherinde» ýurdumyzyň döredijilik wekiliýeti mähirli garşylandy. Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Ýaşlar kamera orkestriniň köpöwüşginli sazlary Wena şäherindäki «Ehrbar Saal» konsert zalyny özboluşly duýgulara gaplady. Bu ýerde türkmenistanly sazandalar orkestr bilen bilelikde türkmen milli saz gurallarynda — dutar we gyjakda hem birnäçe mukamy ýerine ýetirdiler. Magtymguly Pyragynyň sözlerine döredilen hem-de söz ussadyna bagyşlanan aýdymlar çemeni konserte gatnaşanlara aýratyn ruhy lezzet paýlady.
Meretgül AÇYLOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler