,,Utanjaň’’ mimoza

Utanjaň gül – Mimoza ( Mimosa) – Kösükliler maşgalasyna degişli täsin ösümlik. Onuň 400 –den gowrak görnüşleri belli edildi. Ýaşaýyş şekili boýunça gyrymsy we otjumak görnüşleri duş gelýär. Mimoza gülüniň watany Günorta we Merkezi Amerika hasaplanýar, ýöne käbir ýagdaýlarda Hindistanda, Ýaponiýada, Tailandda hem duş gelmek bolýar. Mimoza gülüne halk arasynda ,,Utanjaň’’ ,,Çekinjeň” gül diýilýär. Utançly mimoza ösümligi, kimdir biri degende ýapraklarynyň bukulmagy we belli bir wagtdan soň ýene düzelmegi bilen tanalýar. Bu mehanizmiň bolmagy näme bilen baglanyşykly? Mimozanyň ýapraklarynda aşa duýgur öýjükler bolup, ol öýjükleriň basyşy örän ýokary bolýar. Ol basyş öýjükleriň içinden akýan suwa güýçli täsirini ýetirýär, öýjükleriniň içindäki akýan suwa agram salynmagy netijesinde ýapraklaryň bükülmegi hadysasy bolup geçýär. Bulardan başga-da bu täsin mimozanyň STIMULES –ýatda saklaýjylyk häsiýeti öwrenildi. Güle täsir edilmeden soň eger ösümlik zaýalanmasa indiki gezek şuňa meňzeş gyjyndyrma berilse ýapraklaryny epmek ähtimallygynyň pesligine gözegçilik edildi we bu ýagdaý mimozanyň ýatda saklaýjylyk häsiýetiniň bardygyna şaýatlyk edýär.

Mimozanyň boýunyň uzynlygy 1,5 metre ýetýär. Onuň baldagy dik ösýär we baldagynyň daşy tikenler bilen örtülen. Güller tomsuň ahyrynda gyrmyzy reňke boýalýar, gülleri örän ownukdyr, ululygy 1-2 sm ýetýär.

Utançly gülüň ýapraklary ownujak per şekilli bolup, bir ýaprak sapagynda 10-26-a çenli ýaşyl ýapraklary bolýar. Haçanda ýapraklaryna eliňi degireniňde, ýa-da üstüne mör-möjekler gonanda, umuman daşky gurşawdan täsir ýeten ýagdaýynda şol bada ownujak ýapraklary, gülleri ýygrylyp, ýapylmaga başlaýar. Belli bir wagt geçenden soňra ýene-de öňki ýagdaýyna gaýdyp gelýär. Ýene-de bir aýratynlygy ol özünden hoşboý ysly attraktantlary bölüp çykarýar we mör-möjekleri özüne çekýär. Mimoza ekilen meýdanyň howasy örän arassa we ýakymly bolýar. Bu gül göräýmäge ,,Zenanlary ’’ ýada salýar.

Orazjemal SYRAÇMUHAMMEDOWA,

S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň talyby.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok