Ýurdumyzyň gündogarynda, Lebap welaýatynda, Köýtendag dag toplumynyň arasynda Türkmenistanyň iň beýik nokady bolan Aýrybaba dag depesi ýerleşýär. Onuň deňiz derejesinden beýikligi 3139 metre barabardyr.
Köýtendagyň tebigy keşbi özboluşlydyr. Ol «kuhi» diýen pars we «teň» diýen türk sözlerinden gelip çykyp, «geçmesi kyn dag» diýen manyny aňladýar. Bu daglyk ýerler köpsanly jülgelerdir dereler bilen dilkawlanandyr. Olaryň iň uzyny Hojaçilgezbabadyr. Onuň uzynlygy 28 kilometre barabardyr. Dereleriň has owadany 600 metr peslikde ýerleşen Daraýderedir.
Belli bolşy ýaly, Gimalaý daglarynda we beýleki beýik daglyklaryň köpüsinde dagyň çür depesi keramatly ýer hasaplanýar, Hindistandaky Kaýlas daglary muňa aýdyň mysal bolup biler. Edil şonuň ýaly, Aýrybaba hem keramatly ýer hasaplanyp, ýerli ilat tarapyndan aýratyn sarpalanýar.
Dagyň deňiz derejesinden 2800 metr belentliginde toprak we ösümlik örtügi örän az, ol diňe ýura döwrüniň hek daşlaryndan ybarat bolup, olar daşky tebigy täsirleriň, ýagny ygalyň, doňakçylygyň, ýeliň, Gün şöhlesiniň täsiri astynda bozulyp, dargaýar. Şeýlelikde, köpgyraňly ownuk daşlar gaýalardan bölünip aýrylýar, olaryň gyraňlary bolsa edil pyçak ýaly ýiti bolýar. Şeýle daşlar bilen örtülen eňňitden ýokary galmak has kyn. Hatda zyýarata bir gezek gidilip gelnende, aýakgabyň doly ýyrtylyp, tozýan wagty az däl.
Güljemal ANNABERDYÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler