Türkmen –Hytaý gatnaşyklary güýçlenýär

Türkmen-Hytaý gatnaşyklary gün-günden barha güýçlenýär. Türkmen bilen Hytaýyň özara gatnaşyklary uzak möhletli bolup, strategiki hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin 2013-nji ýylda gol çekilen şertnama laýyklykda gurulýar. Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky giň we köptaraplylygynyň esasy ugurlary syýasat, söwda, medeniýet, ylym-bilim bolup durýar.

Mälim bolşy ýaly, Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda beýik ösüşleriň ýoly bilen öňe barýan eziz Watanymyz dünýäniň öňdebaryjy döwletleri bilen özara peýdaly, birek-birege ynanyşmak hem hormat goýmak ýörelgelerine daýanýan hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär. Öz köklerini has uzakdan alyp gaýdýan, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga hem dostluga esaslanýan türkmen-hytaý gatnaşyklary Gahryman Arkadagymyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has uly ösüşlere eýe bolýar.

Türkmenistan üçin Hytaý iň uly söwda hyzmatdaşlygynyň biridir. Hytaý Türkmenistanyň ykdysadyýetine möhüm maýa goýujydyr. Hytaý Halk Respublikasynyň 30-a golaý kärhanasy ýurdumyzda ykdysady işleri alyp barýar. Hytaý Halk Respublikasynyň kompaniýalary ykdysadyýetiň ulaglar pudagyna işjeň maýa goýýarlar. Demir ýollaryň ulag kuwwatynyň 90%-ini Hytaýda öndürilen lokomotiwler üpjün edýär.
Türkmenistanda hytaýa eksport edilýän önümleriň esasylary tebigy gaz, nebit önümleri, pagta süýümi, matalar, nah ýüplük, taýýar dokma önümleri, kükürt, sement ýaly önümlerdir.

Türkmenistan bilen Hytaý iri halkara guramalaryň ýagny, BMG-niň we beýleki guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýärler. Ýurdumyzda geçirilýän giň gerimli özgertmelere Hytaý Halk Respublikasy hem has uly gyzyklanma bildirýär. Iki ýurduň arasyndaky dostluk, özara ynanyşmak, düşünişmek esasynda ýola goýulýan gatnaşyklar häzirki wagtda dürli ugurlarda, şol sanda energetika söwda-ykdysady, ulag-aragatnaşyk, medeni-ynsanperwer ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlyk üçin şertleri döredýär.

Sähragözel BERDIÝEWA,

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň
Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň
Jemgyýeti öwreniş ylymlary
kafedrasynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok