Türkmen milli saz guraly gopuzyň şirin owazy zenan kalbynyň mukamyna deňelýär. Türkmen gelin-gyzlaryny aýdym-saz bilen baglanyşdyryp, göz öňüne getireniňde eli gopuzly, läle kakyp duran görnüşde janlanýar. Gopuz sözi «gop» — gopgunly, edermen, «uz» sözi bolsa näzik, owadan, serwi boýly, eli çeper diýen ýaly manylary berýär. Gopuz iki dişiň arasynda çalaja gysyp saklanýar-da, diljagazyna kakylyp çalynýar.
Gopuz belli bir ölçege eýe bolman, onuň ululy-kiçili görnüşleri bar. Möçberlerine görä, olaryň sesleri belentli-pesli bolýar. Bu saz guraly eliň bilen iki dişiň arasynda çalaja gysylyp saklanylýar. Soňra sag eliň süýem barmagy bilen onuň diljagazyna kakylýar. Dutarda sese ýaň berýän onuň kädisi bolsa, gopuzda agyz boşlugynyň, dodagyň, diliň hem-de howa sorup çykarmagyň netijesinde owaz alynýar. Gopuzda her kim öz ussatlygyna, ýerine ýetiriş ukybyna baglylykda ýüzugra 5-6 ses bilen dürli sazlary çalmagyň hötdesinden gelip bilýär.
Gopuz hem ozanlaryň ýaran edinip, ýanynda göteren saz gurallarynyň biridir. «Gorkut ata» şadessanynda hem bu saz guralynyň ady agzalyp geçilýär. Bu bolsa onuň gadymdan bäri ulanylýandygyna şaýatlyk edýär. Gopuzy ýasaýan ussat hünärmenler onuň birnäçe syrlarynyň bardygyny aýdýarlar. Gopuz çalmaga ökde gelin-gyzlarymyz türkmen toýlarynda aýdyma goşup, dürli sazlary çalýarlar. Gopuz ülkämizden başga-da, Merkezi Aziýa ýurtlaryna, Kawkaza, Gündogar döwletleriniň köpüsine ýaýrapdyr.
Artykgül AHMEDOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler