Sanly ykdysadyýet – döwrüň talaby

Ösüşiň täze belentliklerine ynamly öňe barýan asuda ýurdumyz milli ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmak, sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak, elektron senagaty ösdürmek, innowasion önümçiligi artdyrmak boýunça uly işleri durmuşa geçirýär. Döwletimizde ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary bilen bir hatarda ýurdumyzyň maliýe ulgamynda hem sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy häzirki wagtda üstünlikli amala aşyrylýar. Sanly tehnologiýalar ulgamynyň maliýe pudagyna ornaşdyrylmagy, bu pudagy ösdürmeklige, ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmaga, durnukly ykdysady ösüşi saklamaga, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, halkyň ýaşaýyş derejesini gowulandyrmaga gönükdirilendir.

Häzirki wagtda sanly ulgama geçilmegi durnukly ösüşiň ileri tutulýan wezipelerini çözmegiň açary bolup hyzmat edýär. Öňdebaryjy akylly tehnologiýalar biziň durmuşymyz bilen berk baglanyşygy saklamak bilen, zähmeti dolandyrmagyň usullaryny, okamagyň, bilim almagyň görnüşlerini özgerdýär.

Ýurdumyzda ýokary tehnologiýaly pudaklary, esasan hem, elektron senagatyny ösdürmäge kuwwatly itergi berildi. Sanly ykdysadyýet häzirki wagtda ähli pudaklar bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Sanly ykdysadyýet söwda ulgamynda hem möhüm orny eýeleýär. Arkadagly Serdarymyzyň başlangyçlary bilen ýurdumyzda internet söwdany ösdürmäge hem-de ýerli önüm öndürijileriň bäsleşigini ýokarlandyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn çäreler amala aşyrylýar. Söwda ulgamynda hem beýleki ulgamlarda bolşy ýaly, sanly tehnologiýanyň ornaşdyrylmagyny nazara almak bilen, netijeli hukuk binýady döredilip, has hem kämilleşdirilýär. Sanly tehnologiýalar önüm öndürilen ýerinden başlap, önümiň baryp ýetmeli ýerine çenli gözegçilik işlerini amala aşyrýarlar. Şeýlelikde sanly ykdysadyýet döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň durmuşynyň ähli ulgamlaryny, pudaklaýyn düzümlerini, söwda ulgamyny, medeni durmuş pudaklarynyň ählisini öz içine alýar. Bularyň artykmaçlyklaryny görkezip, bar bolan kuwwaty doly durmuşa geçirmäge mümkinçilik berýär, şeýle hem bilimiň, edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyryp, her edilýän işlere anyk göz ýetirmäge şertlenendir.

Atamyrat SAZAKOW,

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň
Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň
Lukmançylyk fizikasy we informatikasy
kafedrasynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok