Saglyk adamyň ýaşaýşynyň esasy özeni bolup durýar. Adamzat nesli döräli bäri saglyk adamzadyň hemişe üns merkezinde bolupdyr. Adamyň ýaşaýşy üçin howanyň, suwuň, iýmitiň zerur bolşy ýaly, sagdyn ruhy gurşaw hem şahsyýetiň kemala gelmeginde iň zerur zatlaryň biridir. Bu gurşaw bolsa sagdyn ruhly adamlar tarapyndan döredilýär. Saglyk jemgyýetçilik gymmatlygy bolmak bilen, döwletiň ösüşiniň esasy kesgitleýjisi hökmünde häsiýetlendirilýär. Adamlaryň durmuşy gönüden-göni olaryň saglygy bilen baglanyşyklydyr. Saglyk baradaky alada ömrüň baradaky aladadyr. Türkmençilikde salamlaşylanda hem, ilkinji nobatda, saglyk-amanlyk soraşylýar. Halkymyzyň toý dessurlarynda diş toýy, galpak toýy, sünnet toýy, leçek toýy, akgoýun toýy diýlen düşünjeler hem saglyk baradaky aladalaryň esaslylygyndan gözbaş alýar.
Saglyk diýmegiň manysynda dogry ýaşamak hakyndaky düşünje bardyr. Soňky ýyllarda sagdyn ýaşaýyş diýen düşünjä has uly ähmiýet berilýär. Saglyk diýlende, adamyň synasynyň sagdynlygy baradaky aladalar göz öňüne gelse-de, ol pikirleriň, düşünjeleriň hem sagdyn bolmagyny hem aňladýar. Pikirler, düşünjeler sagdyn bolanda, synalar hem sagdyn bolýar.
Sagdynlyk, abadanlyk, jebislik ýörelgeleriniň amala aşyrylmagy adamlaryň ykbalynda täze döwürdir, adamyň barha gymmaty artýan derwaýys durmuş endikleriniň ýaşaýşa ynamynyň subut edilen durmuş sahypasydyr. Durmuşyň bize galdyran sagdyn ýaşamak babatdaky tymsalynyň mazmuny sportda jemlenýär. Sport – sagdynlyk, rowaçlylykdyr. Bular bolsa maksadyň we yhlasyň bitewüleşmeginde hasyl bolýan arzyly maksadymyzdyr.
Jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň saglygyny goramak Türkmenistanda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürülýän ,,Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!’’ ýörelgesi esasynda milli saglygy goraýyş ulgamyny has-da döwrebaplaşdyrmak üçin täze belent maksatlar we wezipeler goýulýar. Saglygy goraýyş we lukmançylyk ulgamynda maksatnamalaýyn özgertmeleri amala aşyrmak arkaly, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynda täze ösüşler netijeli üpjün edilýär.
Sähet PIRMUHAMMEDOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
Teswirler