Peýniriň peýdasy

  • Nerw ulgamyny sazlaýar;
  • Dişleriň çüýremeginiň öňüni alýar;
  • Bedeniň kalsiý zerurlygyny kanagatlandyrýar;
  • Süňkleri berkidýär;
  • Süýji, ýürek keselleriniň döremek howpuny peseldýär;
  • Gan basyşyny peseldýär we ukyny gowulaýar.

Peý­nir iý­mit ber­hi­zin­de giň­den ula­nyl­ýar. Onuň öt­gür däl sort­la­ry baş­ly ýa­ra­lar­da, do­wam­ly gast­rit­ler­de we ko­lit­ler­de, bag­ryň hem-de öt hal­ta­sy­nyň ke­sel­le­rin­de peý­da­ly. Ola­ry gi­per­to­ni­ýa­da (ar­te­rial gan ba­sy­şy­nyň ýo­kar­lan­ma­gy), çiş­le­riň eme­le gel­me­gi bi­len hä­si­ýet­len­di­ril­ýän böw­rek, ýü­rek da­mar ke­sel­le­rin­de peý­da­lan­mak mas­la­hat be­ril­ýär. Ga­naz­lyk­dan ejir çek­ýän, ýo­kanç ke­sel­le­ri baş­dan ge­çi­ren, gurp­dan dü­şen, iş­dä­si pe­se­len syr­kaw­lar we­lin, peý­ni­riň öt­gür görnüşlerini (ulan­ma­ga gar­şy gör­kez­me­ler bol­ma­sa) iý­mit ber­hi­zi­ne go­şup bi­ler­ler. Süňk­le­riň şi­kes­len­me­gi ze­rar­ly be­de­ni kal­siý we fos­for duz­la­ry­nyň has köp muk­da­ry bi­len üp­jün et­mek ze­rur­ly­gy ýü­ze çy­kan­da iý­mit­de peý­ni­ri ýy­gy-ýy­gy­dan ulan­ma­ly.

Peý­ni­riň adam be­de­ni­ne tä­si­ri onuň gü­nüň do­wa­myn­da haý­sy wagt­da iý­me­li­di­gi bi­len bag­ly­dyr. Peý­ni­ri ir­den sa­gat 10-a çen­li iý­mek peý­da­ly­dyr. Şon­dan soň onuň iý­mit gym­mat­ly­ly­gy kem-kem­den pe­sel­ýär.

Çaryýar ALLAGULYÝEW,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok